On hepdelik arakesmeden soň, dünýäniň iň köp tomaşaçy çekýän awtoulag ýaryşlarynyň biri bolan NASKAR bäsleşiginiň möwsümdäki 5-nji tapgyry geçirildi. Darlingtonda (Günorta Karolina) geçirilen bu tapgyr tomaşaçysyz bolup, ýaryş çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşda 1-nji orny “Stewart-Haas Racing” toparynyň wekili Kewin Harwik eýeledi. “Ford” kysymly ulagy bilen bäsleşen Harwik şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Aleks Bowmeniň 2-nji bolan ýaryşynda Kaýl Buş münberiň üçünji basgançagyna çykdy.
Bu tapgyrdan 3 gün soň, 6-njy tapgyr hem Darlingtonda geçirildi. Bu ýaryşda bolsa, “Toyota” kysymly ulag bilen gatnaşýan “Joe Gibbs Racing” toparynyň sürüjileri Denni Hamlin hem-de Kaýl Buş 1–2-nji orunlary eýelediler. Mundan öňki tapgyryň ýeňijisi Kewin Harwik 3-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. NASKAR-da möwsümiň nobatdaky ýaryşy 24-nji maýda Demirgazyk Karolinada geçiriler.