Hyzmatlarynyň derejesi, işine jürlügi we arz-şikaýatlara wagtynda seredilmegi ýaly ugurlar boýunça awiakompaniýalaryň sanawy kesgitlendi. “AirHelp” şereketiniň taýýarlan sanawynda birinji orny Kataryň “Qatar Airways” kompaniýasy eýeledi. Ol ýolagçylara edýän hyzmaty boýunça iň ýokary baha, ýagny 10 balla mynasyp boldy. Şeýle hem kompaniýanyň gatnawlaryny wagtly-wagtynda amala aşyrmak babatda 8,4 ball, müşderileriniň arz-şikaýatlaryny derrew ýerine ýetirmek babatda bolsa 7,6 ball gazandy. Şeýlelikde bu kompaniýa 3 ugur boýunça ortaça, 8,7 ball gazanyp, sanawda birinji orna çykdy.
Bu ugurda ikinji orny “Singapore Airlines” kompaniýasy (8,6 ball), üçünji orny bolsa, “KLM-Royal Dutch Airlines” şereketi (8,4 ball) eýeledi.