26-njy maýda Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we bu düzümiň baş direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we GFR söwda-ykdysady ugurda netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň Germaniýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýangyç-energetika toplumy, maşyn gurluşygy, ulag hem-de logistika, oba hojalygy, gurluşyk senagaty we senagatyň başga-da birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion usulda ösdürilýändigi bellenildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy üpjün edilýär.
Bilim, ylym we saglygy goraýyş ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda nemes tarapynyň wekilleri öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň biri bolmak bilen, bu ugurda özüniň toplan tejribesini, täzeçil ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdylar. (Çeşme: TDH)