26-njy maýda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ylymlaryň doktory, professor Iwan Kuzmin bilen geçirilen onlaýn duşuşykda oba hojalyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine garaldy.
Bu duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere esasy ylmy edaralaryň hünärmenleri we görnükli oba hojalykçy alymlar bilen bu ugurda öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin yzygiderli ýagdaýda duşuşyklary geçirmek boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda guraldy.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynda iň soňky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda ugurdaş daşary ýurt edaralary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi bilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribeler alyşmak üçin ileri tutulýan ugurlar görkezildi, bu ugur hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. (Çeşme: TDH)