Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz nobatynda, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmenistanlylary şu ýyl bellenilýän baýramçylyk — ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem türkmen Lideriniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlady.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani oňyn häsiýeti sebitdäki amatly geosyýasy ýagdaý bilen kesgitlenilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini bellemek bilen, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.
Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy gazyny Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin akdyrjak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy hakynda barýar.
Iki ýurduň Prezidentleri degişli taslamanyň amala aşyrylmagynyň barşyndan kanagatlanyp, täze gaz geçirijiniň ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge umumy goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Ähmiýeti uly bolan beýleki taslama — täze döwletara energiýa ulgamy —Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygydyr.
Taraplaryň özara pikirine görä, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi täze üstaşyr-ulag geçelgelerini, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry (Lapis Lazuli) boýunça geçelgäni döretmek boýunça strategik taýdan möhüm düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ugur Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga gös-göni ýardam eder.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Baştutanymyz owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini gollady. Onuň gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.
Möhüm geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti nazara almak bilen, halkara ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berler. Serhetabat — Turgundy hem-de Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýollary eýýäm şolaryň bir bölegine öwrüldi.
Bilelikdäki tagallalar arkaly amala aşyrylýan iri ulag-kommunikasiýa taslamalary tutuş sebitiň durnukly ösmegine hyzmat eder. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyny hem-de durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler bilen kadalaşdyrmak nukdaýnazaryndan çykyş etmek bilen goňşy ýurduň ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmäge gönükdirilen birnäçe anyk ädimleriň başyny başlady.
Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz koronawirusyň dünýä möçberinde ýaýramagy ýaly döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny giňden ulanmak pikirini öňe sürendigini ýatlatdy. Munuň özi dürli ýurtlardan bolan alymlaryň we hünärmenleriň ýakyn hyzmatdaşlygyny üpjün edip bilerdi, olar howply ýokanç keselleriniň öňüni almagyň we bejermegiň usullary boýunça maglumatlary, bilimleri we toplanan tejribeleri, netijeli derman hem-de gorag serişdelerini taýýarlamak boýunça işleri dessin alşyp bilerdiler.
Ylmy diplomatiýanyň gurallary häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Alym-lukmanlaryň geňeşini döretmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň koronawirusa garşy umumy göreşe oňyn täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky esasy alym-lukmanlar we hünärmenler keselleriň tebigatyny kesgitlemek, onuň ýüze çykmagynyň görnüşlerini düýpli öwrenmek, keselleriň öňüni almagyň we netijeli bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işläp taýýarlamak üçin tagallalaryny birleşdirmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Iki döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde — demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.
Şeýlelikde, bilelikdäki tagallalar bilen görülýän çäreler sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini gazanmaga, serhetden geçýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik döreder.