Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li mu­zeý­le­ri, haý­wa­nat bag­la­ry okea­na­ri­um­la­ry we açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri öz myh­man­la­ry­ny san­ly ul­gam ar­ka­ly ka­bul ed­ýär. Hat­da otu­ran ýe­riň­den Mar­syň ýü­zün­de hem şeý­le sy­ýa­ha­ta çyk­mak müm­kin. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky dün­ýä bel­li Luwr mu­ze­ýi hem go­laý­da şeý­le hyz­ma­ty ýo­la go­ýup­dy. On­laýn hyz­mat ýo­la goý­lan­dan soň­ra 71 gü­nüň do­wa­myn­da mu­ze­ýe ga­ýy­ba­na ge­ze­lenç eden­le­riň sa­ny­nyň 10,5 mil­li­on­dan ge­çen­di­gi mä­lim edil­di. Mu­zeý 12-nji mart­da bel­li eser­le­ri­ni, zal­la­ry­ny we ga­le­re­ýa­la­ry­ny on­laýn gör­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dip­di. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bol­sa bu mu­zeý 14,1 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul edip­dir. Ga­ýy­ba­na ge­ze­lenç ed­ýän­le­riň ara­syn­da ABŞ-ly­lar bi­rin­ji, hy­taý­ly­lar ikin­ji ýe­ri eýe­le­ýär. Üçün­ji ýer­dä­ki fran­suz­lar bol­sa, umu­my myh­man­la­ryň 16 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Mu­ze­ýiň res­mi in­ter­net ak­ka­un­dy­na bol­sa 9 mil­li­on adam ha­sa­ba du­rup­dyr. Dün­ýä­niň iň köp bar­lyp gö­rül­ýän bi­na­la­ry­nyň sa­na­wyn­da he­mi­şe di­ýen ýa­ly bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýän Luwr­da Leo­nar­do da Win­çi­niň Mo­na Li­za ese­ri bi­len bir ha­tar­da dün­ýä bel­li su­rat­keş­le­riň meş­hur eser­le­ri sak­lan­ýar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Lon­don­da­ky Bri­tan mu­ze­ýi, Gol­lan­di­ýa­da­ky Wan Gog mu­ze­ýi, Wa­ti­ka­nyň mu­zeý­le­ri, Mü­sü­riň pi­ra­mi­da­la­ry, Rim­dä­ki Kol­i­zeý are­na­sy, Pe­ru­da­ky Ma­çu-Pik­çu ga­dy­my şä­he­ri we dün­ýä­niň on­lar­ça haý­wa­nat bag­la­ry we okea­na­ri­um­la­ry on­laýn ge­ze­len­ji ýo­la goý­dy.