* Olimpiadanyň iň naýbaşy ýaryşy hasaplanýan 100 metr ylgawda ýamaýkaly Usain Bolt taryhy başarnyk görkezdi. Ol Pekindir Londondan soň, Rioda hem altyn medal gazanyp, 100 metr aralyga ylgamakda bassyr 3 gezek ýeňiji bolan ilkinji türgendir.
* Usain Bolt 100 metr ylgawdan soň, 200 metre ylgamak bäsleşiginde-de bassyr 3-nji altyn medalyny gazanmagy başardy. Ol 100 we 200 metr ylgawlarda yzly-yzyna 3 altyn medal alan ilkinji türgen boldy.
* 10 müň metr aralyga ylgamakda zenanlaryň arasynda efiopiýaly Almaz Aýana 23 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi. Olimpiadadaky ilkinji altyn medalyny alan Aýana pellehana 29 minut 17,45 sekuntda gelip ýetdi. Ondan öňki rekord hytaýly Žunşia Wana degişli bolup, ol 1993-nji ýylda 29:31,75 minutlyk netije görkezipdi.
* 10 müň metr aralyga ylgamakda bu sapar hem Beýik britaniýaly Mo Farah altyn medala mynasyp boldy. Ol Londonda-da pellehana hemmeden öňürti gelipdi. Farah 10 müň metrde 2 gezek ýeňiş gazanan 6-njy türgendir.
* Zenanlaryň arasynda 100 metr ylgawda Pekindir Londonda altyn medal alan ýamaýkaly Şelli-Ann Fraýser-Praýs bu gezek bürünç medal bilen oňňut etmeli boldy. Bu ugurda başga bir ýamaýkaly zenan türgen – Elaine Tompson ýeňiş gazandy. Tompson 200 metr aralyga ylgamakda-da öňe saýlandy.
* 400 metr ylgaw ýaryşynda garaşylmadyk ýagdaýda Günorta afrikaly Waýde Wan Niekerk 17 ýyllyk rekordy täzeläp çempion bolmagy başardy. Ol 2012-niň hem-de 2008-iň çempionlaryny, degişlilikde Kirani Jeýms bilen LeŞan Meritti yzda galdyryp, 43,03 sekuntda pellehanadan geçdi. Ol Maýkl Jonsonyň 1999-njy ýyldaky 43,18-lik derejesini ep-esli artdyryp, rekordyň täze eýesi boldy.
* Italiýaly Nikkolo Kampriani nyşana ok atmagyň ýene bir görnüşinde altyn medal gazandy. 10 metr tüpeň görnüşinde altyn alan Kampriani 50 metr tüpeň 3 ýerden görnüşinde-de ýeňiji boldy. Ol bu ugurda Londonda-da altyn medal alan bolsa, 10 metr tüpeň görnüşinden-de kümüş medal gazanypdy.
* Welosportyň yzarlamak görnüşinde zenan ýygyndylarynyň arasynda çempion bolan Beýik Britaniýanyň topary dünýä rekordyny goýdy. Olar bu olimpiadada şu ugurda öz rekordlaryny 3 gezek (saýlama tapgyrynda, 1-nji tapgyrda we finalda) täzelemegi başardylar.
* 112 ýyldan soň, Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen golf sportunda erkekleriň arasynda Beýik Britaniýadan Jastin Rouz ýeňiji boldy. Şwesiýaly Henrik Stenson 2-nji, amerikaly Mett Kuçer 3-nji ýeri eýeledi.
* Fransiýaly dzýudoçy Teddi Riner 100 kilogramdan ýokary bolan erkekleriň arasynda Londondan soň Rioda-da altyn medala mynasyp boldy. Ol Pekinde bürünç medal alypdy.
* Tennis boýunça erkekleriň arasynda britaniýaly Endi Mýurreý bassyr 2-nji gezek altyn medal gazanyp, ol muny ýekelikde başaran ilkinji türgendir. Ol finalda London Olimpiadasynda bürünç medal alan argentinaly Huan Martin del Potrony 4 sagatdan hem gowrak wagtlap dowam eden duşuşykdan soň, 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mýurreý ýekelikde 2 altyn alan ilkinji tennisçidir.
* Tennisde ýekelikde zenanlaryň arasynda garaşylmadyk ýagdaýda Puerto rikoly Monika Puig ýeňiji boldy. Bu üstünlik Puerto Rikonyň Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ilkinji altyn medaly diýlip hasaba alyndy. Puig finalda germaniýaly Anjelika Kerberi ýeňdi. Jübütleýin ýaryşda erkeklerden ispaniýaly, zenanlardan russiýaly tennisçiler öňe saýlandy.
* Tennis boýunça garyşyk jübütlerde partnýory bilen kümüş medal alan amerikaly Wenus Williamsyň Olimpiýa medallarynyň sany 5-e ýetdi. 2000-nji ýylda Sidneýde ýekelikde altyn medal alan Wenus zenanlaryň arasyndaky jübütleýin bäsleşikde mundan öňki 3 Olimpiadada hem ýeňiji bolupdy.
* Ýüzmegiň 100 metr kebelekleýin görnüşinde singapurly Ýosef Skuling Olimpiýa rekordyny goýup, altyn medala mynasyp boldy. Ol bu ugurda Maýkl Felpsden hem öňe saýlanyp, ýurdunyň Olimpiadanyň taryhyndaky ilkinji altyn medalyny gazanan türgen diýlip hasaba alyndy.

ÝAÝ­DAN OK AT­MAK. Gü­nor­ta ko­re­ýa­ly mer­gen­ler spor­tuň bu gör­nü­şiniň ägir­di­dik­le­ri­ni ýe­ne bir ýo­la su­but et­di­ler. Olar bar bo­lan 4 al­tyn me­da­la-da ýag­ny, ze­nan­la­ryň hem-de er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýe­ke­lik­dä­ki we to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da al­tyn me­da­la eýe­lik et­di­ler. Er­kek­ler­den Ku Bon-çan bi­len ze­nan­lar­dan Çeng Hýe-jin 2 al­tyn me­dal ga­zan­dy.

GY­LYÇ­LAŞ­MAK. Gy­lyç­laş­mak ýa­ry­şyn­da rus­si­ýa­ly tür­gen­ler diý­seň şow­ly çy­kyş et­di­ler. Olar 10 al­tyn me­da­lyň 4-si­ni al­­dy­lar. Aý­ra­ty­nam, ze­nan­lar 3 al­tyn me­dal ga­zan­dy. Rus­si­ýa­ly ze­nan Ýa­na Egor­ýan sabl­ýa gör­nü­şin­de hem ýe­ke­lik­de, he­mem to­par­la­ýyn ýaryşda al­tyn me­dal alyp, Rio­nyň iň ba­şar­nyk­ly feh­to­wa­ni­ýa­çy­sy bol­dy. Weng­ri­ýa­ly feh­to­wa­ni­ýa­çy­lar 2 al­tyn medal alan bol­sa, ga­lan 4 al­ty­ny 4 ýurt paý­laş­dy. 1 al­tyn me­dal ga­za­nan ital­ýan­lar 3 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.

TEN­NIS. Spor­tuň bu gör­nü­şin­de je­mi 5 sa­ny al­tyn me­dal goş­wu­ry­lyp, ola­ry dür­li döw­le­tiň we­kil­le­ri paý­laş­dy. Ýag­ny ABŞ, B. Bri­ta­ni­ýa, Rus­si­ýa, Pu­er­to Ri­ko hem-de Is­pa­ni­ýa 1 al­tyn me­dal al­dy. Me­dal­la­ryň her gör­nü­şin­den bi­ri­ni alan ame­ri­ka­ly ten­nis­çi­ler sa­naw­da öň­de­li­gi eýe­le­di. Kü­müş me­dal­la­ryň ga­lan 4-si­ni baş­ga-baş­ga ýur­duň ten­nis­çi­le­ri alan bol­sa, çe­hi­ýa­ly ra­ket­ka­çy­lar 3 bü­rünç (ze­nan­la­ryň ara­syn­da ýe­ke­lik­de, jü­büt­le­ýin we ga­ry­şyk jü­büt­le­ýin) me­dal ga­zan­dy.

KÜ­REK­LE­MEK. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki fi­zi­ki güý­ji ta­lap ed­ýän kü­rek­le­mek spor­tun­da-da me­dal­lar top­lu­my­nyň 14-si ýe­ňi­ji­le­re paý­lan­dy. Ozal­da­nam öň­de­ba­ry­jy­dy­gy hem­mä mä­lim bo­lan Be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly kü­rek­leý­ji­ler umu­my sa­naw­da ýe­ne bir ýo­la öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy. Olar 3 al­tyn, 2 kü­müş me­dal ga­zan­dy­lar. Ger­ma­ni­ýa­dyr Tä­ze Ze­lan­di­ýa­dan ba­ran tür­gen­ler we­lin, 2 al­tyn, 1 kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

NY­ŞA­NA OK AT­MAK. Rio–2016-da tür­gen­le­re ny­şa­na ok at­mak spor­tun­dan je­mi 15 al­tyn me­dal gow­şu­ryl­dy. 390 tür­gen gat­na­şyp, er­kek­ler 9, ze­nan­lar 6 gör­nüş­de bäs­le­şik ge­çir­di­ler. 15 al­tyn me­da­lyň 4-si­ni ital­ýan tür­gen­le­ri ga­za­nyp, olar bu ugur­da öňe saý­lan­dy­lar. Kü­müş me­dal­la­ryň-da 3-si­ni alan ital­ýan­la­ryň iň mer­gen tür­ge­ni Nik­ko­lo Kamp­ria­ni 2 al­tyn ga­zan­dy. Ger­ma­ni­ýa­ly tür­gen­ler 3 al­tyn me­dal bi­len 2-nji ýe­ri eýe­le­di­ler. 1 al­tyn, 2 kü­müş alan hy­taý­ly­lar 4 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar.

DZÝU­DO. Spor­tuň dzýu­do gör­nü­şin­de 14 al­tyn, 14 kü­müş we 28 bü­rünç me­dal go­wşu­ryl­dy. Şo­la­ryň 12-si­ni ýa­po­ni­ýa­ly tür­gen­ler al­dy. Olar 3 al­tyn alyp (1 kü­müş, 8 bü­rünç), öň­de­li­gi eýe­le­di­ler. Fran­si­ýa­dyr Rus­si­ýa­nyň päl­wan­la­ry 2 al­tyn al­ma­gy ba­şar­dy. Je­mi 24 ýur­duň we­ki­li dür­li gö­nüş­dä­ki me­dal­la­ry ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.

AGYR AT­LE­TI­KA. Er­kek tür­gen­ler 8, ze­nan­lar 7 ugur­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çir­di­ler. 15 al­tyn me­da­lyň 5-si­ni hy­taý­ly päl­wan­lar alan bol­sa, tai­lan­dly­lar we eý­ran­ly­lar 2 sa­ny al­tyn me­da­la eýe­lik et­di­ler. Ga­lan 6 al­tyn me­da­ly-da Ga­za­gys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň, Gru­zi­ýa­nyň, Ko­lum­bi­ýa we Hy­taý Taý­pe­ýi­niň tür­gen­le­ri al­dy. Er­kek­ler 5 Dün­ýä, 4 Olim­pi­ýa, ze­nan­lar we­lin, her­sin­den 1 re­kor­dy tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy­lar.

ÝÜZ­MEK. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da iň köp me­dal­ly 2-nji sport bo­lan suw­da ýüz­mek­de, ame­ri­ka­ly tür­gen­le­re taý ta­pyl­ma­dy. Ame­ri­ka­ly ze­nan­dyr er­kek ýü­zü­ji­ler suw­da ýüz­me­giň dür­li gör­nü­şin­den paý­la­nan 35 al­tyn me­da­lyň 16-sy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Olar 8 kü­müş, 9 bü­rünç je­mi, 33 me­da­la eýe­lik et­di­ler. To­par­la­ýyn ýa­ryş­la­ryň 6-sy­nyň di­ňe 1-in­de (ze­nan­la­ryň ara­syn­da 4×100 er­kin ýüz­mek­de) ame­ri­kan­la­ra ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­ma­dy. Awst­ra­li­ýa­dyr Weng­ri­ýa­nyň ýü­zü­ji­le­ri 3, Ýa­po­ni­ýa bi­len Gol­lan­di­ýa­nyň tür­gen­le­ri-de 2 al­tyn me­da­la eýe­lik et­di. Şeý­le-de bri­tan­lar 5 kü­müş medal alan bol­sa, ka­na­da­ly­lar 4 bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 3 Dün­ýä, 4 Olim­pi­ýa re­kor­dy go­ýul­dy. Ze­nan­lar­da bu gör­ke­zi­ji­ler has köp­räk bo­lup, olar 5 Dün­ýä re­kor­dy­ny, 11 sa­ny-da Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny tä­ze­le­di­ler. Er­kek­ler­den Olim­pia­da­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň köp me­dal­ly Maýkl Felps 2-sini ýe­ke­lik­de je­mi 5 al­tyn me­dal ga­zan­dy. Onuň ýe­ke­lik­de ýe­ne bir al­ty­ny sin­ga­pur­ly Sku­lin­ge al­dyr­ma­gy ýüz­mek spor­tu­nyň ga­ra­şyl­ma­dyk esa­sy wa­ka­sy bol­dy. Adam Pi­ti we Raýn Mör­fi ýe­ke­lik­de 2 al­tyn medal alan er­kek tür­gen­ler­dir. Ze­nan­lar­dan ame­ri­ka­ly Keý­ti Le­de­ki bi­len weng­ri­ýa­ly Ka­tin­ka Hos­su uly ba­şar­nyk gör­kez­di. Le­de­ki 3-sini ýe­ke­lik­de, jemi 4 al­tyn medal alyp, 2 dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Hos­su bol­sa, 1 dün­ýä, bi­rem Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny tä­ze­läp, 3 al­tyn me­dal ga­zan­dy. Do­ping se­bäp­li il­ki gat­naş­ma­ly däl edi­len rus­si­ýa­ly Ýu­li­ýa Ýe­fi­mo­wa we­lin, 2 kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy.

STOL TEN­NI­SI. Spor­tuň bu gör­nü­şin­de ýe­ne-de he­mi­şe­ki­ler ýa­ly hy­taý­ly ten­nis­çi­ler öňe saý­lan­dy. Olar 4 al­tyn me­da­ly-da al­ma­gy ba­şar­dy. Er­kek­ler­den Ma Lon bi­len ze­nan­lar­dan Din Nin hem ýe­ke­lik­de, he­mem to­par­la­ýyn ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bol­dy. Hy­taý­ly ra­ket­ka­çy­lar 2 kü­müş me­da­la-da eýe­lik et­di­ler.