Köp he­re­ket et­mek be­de­niň suw bö­lüp çy­kar­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li su­wuk zat­la­ry köp­räk iç­me­li. Dü­zü­min­de köp muk­dar­da suw bo­lan mi­we­dir gök önüm­le­ri iý­me­li. Aras­sa we gaý­nan suw iç­me­li.

Soň­ky jaň ka­kyl­dy. Eý­ýäm kö­pi­ňiz to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de nä­me­ler et­jek­di­gi­ňi­zi me­ýil­leş­di­ren­si­ňi­z. In­di ir bi­len tu­rup mek­de­be git­me­li däl. Eý­sem, üç aýyň do­wa­myn­da nä­hi­li iý­mit­len­me­li, wag­ty­my­zy nä­hi­li ge­çir­me­li?
He­mi­şe bol­şy ýa­ly, dynç alyş möw­sü­min­de hem iý­mit­len­mä­ge äh­mi­ýet ber­me­li. Wagt­ly-wag­tyn­da iý­mit­len­mek üçin uk­lap dynç al­ma­ly. Okuw ýok di­ýip wag­ty­my­zy boş ge­çir­män, gy­zyk­ly we peý­da­ly iş­ler et­me­li.
Luk­man­lar “tiz ta­gam” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan gu­rak we ýag­ly na­har­la­ry iý­mek­den ga­ça dur­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Esa­san, süýt we süýt önüm­le­ri­ni (ga­tyk, aý­ran, doň­dur­ma we ş.m.), et we dä­ne­li (çö­rek, tü­wi, ýar­ma, aş) hem-de mi­we we gök önüm­le­ri köp­räk iý­me­li. Iý­ýän na­ha­ry­ňyz ýa­şy­ňy­za, bo­ýu­ňy­za we ag­ra­my­ňy­za gö­rä bol­ma­ly.
Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, dynç alyş möw­sü­min­de dynç al­ma­ly, be­de­ni­mi­zi fi­zi­ki taý­dan tap­la­ma­ly. Em­ma na­har­la­nyl­ýan wag­tyň üýt­ge­me­gi be­de­niň ag­ra­my­nyň art­ma­gy­na ge­ti­rip bil­ýär. Wag­tyn­da na­har iý­män ga­ty ajy­gyp, soň­ra bol­sa ge­re­gin­den ar­tyk iý­mek, on­dan soň­ra wag­ty­ňy he­re­ket­siz ge­çir­mek ar­tyk­maç ag­ra­myň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şol se­bäp­li na­har­dan soň­ra az­da-kän­de he­re­ket et­me­li­di­gi­ni unut­maň!
Er­tir­li­k edin­me­gi ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň! Ir­den tur­any­ňyz­dan soň­ra bir sa­ga­dyň do­wa­myn­da er­tir­lik edin­me­li. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar er­tir­lik edin­ýän ça­ga­la­ryň has üns­li bol­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Er­tir­lik­de ýu­murt­ga, peý­nir, süýt, çö­rek, bal, to­şap, po­mi­dor we hy­ýar bol­sa has go­wy bo­lar.
Sport bi­len meş­gul­la­nyň! Özü­ňi­ziň ha­la­ýan sport gur­nak­la­ry­nyň bi­ri­ne gat­naň! Ýy­lyň beý­le­ki pas­lyn­da okuw se­bäp­li ýa­dal­ýan­dy­gy we ho­wa­nyň so­wuk­dy­gy üçin sport bi­len ýe­ter­lik de­re­je­de meş­gul­lan­ma­dyk bo­lup bi­ler­si­ňiz. Şol se­bäp­li to­mus pas­ly sport ba­bat­da özü­ňi­zi kä­mil­leş­dir­mek üçin iň go­wy wagt­dyr.
Te­le­wi­zo­ryň, komp­ýu­te­riň ba­şyn­da uzak wagt­lap otur­ma­gyň, te­le­fo­na güý­men­me­giň ýe­ri­ne fi­zi­ki he­re­ke­ti ýe­ri­ne ýe­tir­mek, oýun oý­na­mak si­ziň sag­ly­gy­ňyz üçin has peý­da­ly bo­lar.
Müm­kin bol­du­gy­ça açyk ho­wa­da ge­ze­lenç ediň, we­lo­si­ped sü­rüň, oýun oý­naň! Em­ma Gü­nüň çür de­pe­de wag­ty da­şa­ryk çyk­maň!