Türkmenistanlylaryň abadançylygyny, adamlaryň dynç almagy üçin iň gowy şertleriň döredilmegini ugur edinýän döwlet syýasatynyň
aýdyň miwesi bolan bu ajaýyp taslama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başyny başlaýan we
yzygiderli ýöredýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriniň anyk nyşanydyr.

28-nji maý­da hor­mat­ly Prezidentimiz paý­tag­ty­myz bo­ýun­ça iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Onuň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän Gurt­ly kö­lü­niň çä­gin­de, dynç alyş mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, döw­re­bap dynç alyş dü­zü­mi ke­ma­la gel­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len kö­lüň ke­na­ryn­da dynç alyş dü­zü­mi­niň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi bu ýer­de me­de­ni-dynç alyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di.
Adam­la­ryň, aý­ra­tyn-da, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň amat­ly ýa­şaý­şy we dynç al­şy üçin de­giş­li şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hormatly Prezidentimiziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki dö­wür­de dynç alyş dü­zü­mi iş­jeň ös­dü­ril­ýän ug­ra öw­rül­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ir sä­her bi­len kö­lüň ke­na­ry­na gel­di. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­zi Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi gar­şy­la­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ryň, ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Hormatly Prezidentimiziň aý­dy­şy ýa­ly, kö­lüň ke­na­ryn­da şä­her ila­ty­nyň, şol san­da ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly hem-de peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len döw­re­bap dynç alyş dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi mak­sa­da­la­ýyk bo­lar.
Bu ýer­de dynç al­ýan dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň dynç al­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen des­ga­lar bi­len bir ha­tar­da, suw att­rak­si­on­la­ry­ny hem öz içi­ne al­ýan iri top­lu­myň gu­rul­ma­gy hem-de de­giş­li dü­züm­le­riň dö­re­dil­me­gi wa­jyp­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di we ýa­kyn gel­jek­de bu ýer­le­riň şä­her ila­ty­nyň we onuň myh­man­la­ry­nyň söý­gü­li kün­je­gi­ne öw­rül­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, wi­se-prem­ýer Ş.Dur­dy­ly­ýew mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na kö­lüň ke­na­ryn­da üç zo­lak bo­ýun­ça gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry­ny gör­kez­di we bu ýer­de dynç alyş dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da ha­bar ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da to­mus­ky çaý­ha­na­lar, azyk ha­ryt­la­ry dü­ka­ny, sport we oýun meý­dan­ça­la­ry, ulu­lar we ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­ni­len dynç alyş bas­syr­ma­la­ry bar. Şeý­le hem ol ýer­de iş­gär­ler üçin ni­ýet­le­nen ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, sag­lyk no­ka­dy, “Tiz kö­mek” ulag­la­ry üçin aw­to­du­ral­ga we gö­zeg­çi­lik diň­le­ri bar.
Gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri aýt­dy we dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di hem-de bu ýer­de paý­tag­ty­my­zyň ila­ty hem-de onuň myh­man­la­ry üçin hä­zir­ki za­man äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan dynç alyş zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Milli Liderimiziň bel­leý­şi ýa­ly, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da ýer­li te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ryň na­zar­da tu­tul­ma­gy, eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­ne äh­mi­ýet be­ril­me­gi, iş­le­riň ýo­ka­ry hi­li­niň üp­jün edil­me­gi mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, dynç alyş zo­la­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek amat­lyk­la­ryň, sa­gal­dyş hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün ed­ýär. Mu­nuň özi dynç al­ma­gyň döw­re­bap ul­ga­my­na, adam sag­ly­gy­ny, onuň be­den, aň-paý­has hem-de ru­hy güý­jü­ni di­kelt­me­giň aja­ýyp şert­le­ri­ne eýe bo­lan ül­kä­mi­ziň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­niň we se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na tä­ze­çe çe­me­le­şil­me­gi­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, şu ýer­de, il­kin­ji no­bat­da, dur­muş dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­la­ryň, aý­ra­tyn-da, gar­ba­nyş­ha­na­la­ryň, söw­da dü­kan­la­ry­nyň, çaý­ha­na­la­ryň, so­wuk suw­la­ryň we doň­dur­ma­la­ryň söw­da­sy­ny gu­ra­ýan dü­kan­la­ryň gur­lu­şy­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz su­wa dü­şül­ýän pur­sat­la­ryn­da ça­ga­lar üçin ze­rur bo­lan se­riş­de­le­riň, howp­suz­lyk de­re­je­si­niň üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de dynç alyş dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy bi­len bir ha­tar­da, dynç al­ma­ga gel­ýän­ler üçin aw­to­du­ral­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy­nyň hem-de bu ug­ra ýo­lag­çy aw­to­bus­la­ry­nyň, tak­si­le­riň gat­na­wy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mu­nuň özi kö­lüň ke­na­ryn­da dynç al­ma­gy ha­la­ýan­lar üçin dö­re­dil­ýän amat­lyk­la­ryň sa­na­wy­ny art­dy­rar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da kot­tej jaý­la­ry­nyň, çaý­ha­na­la­ryň, ka­fe­le­riň, res­to­ran­la­ryň gu­rul­ma­gy ba­bat­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. Bu kün­je­giň aras­sa­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk de­re­je­si, ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, kö­lüň ke­na­ryn­da me­ýil­leş­di­ri­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýan pur­sat­la­ryn­da ter­tip-düz­gü­niň, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ber­jaý edil­me­gi, ha­las ediş gul­luk­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gör­ke­zi­len tas­la­ma­la­ry, umu­man, ma­kul­lap, şo­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, des­ga­lar­da dynç alyş üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi, spor­tuň suw­da oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­le­riň bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re örän jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dü­zü­mi do­lan­dyr­ma­gyň tä­ze­çil usul­la­ry we bu ugur bo­ýun­ça dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­le­ri iş­jeň ula­nyl­ma­ly­dyr.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kö­lüň su­wu­nyň aras­sa­çy­lyk de­re­je­si, su­wuň aý­la­ny­şy bi­len gy­zyk­lan­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kö­lüň su­wu­nyň aras­sa­ly­gy ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re ga­bat gel­ýär. Şeý­le hem ha­na­da bar bo­lan suw yzy­gi­der­li aý­la­ny­şyk­da bol­ýar. Kö­lüň su­wy yzy­gi­der­li ak­dy­ry­lyp, onuň üs­ti dol­du­ry­lyp du­rul­ýar. Bu bol­sa su­wuň ýa­ram­ly­lyk we eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz suw ula­gyn­da köl­de ýü­zü­şi ama­la aşyr­dy. Kö­lüň çäk­le­rin­de suw spor­tu­nyň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler bar. Köl we onuň tö­we­rek­le­ri ýur­du­my­zyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len saz­la­şyk­da bi­te­wi eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­ýär, mu­nuň özi bu ýer­de dynç alyş dü­züm­le­ri­ni eme­le ge­tir­mek üçin şert­dir.
Bu ýer­den paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bi­niň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy ne­ti­je­sin­de ýyl-ýyl­dan aja­ýyp gör­nü­şe gir­ýär. Ak mer­mer­li bi­na­la­ryň şu kün­je­giň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ut­gaş­ma­gy yn­san kal­byn­da ýa­kym­ly tä­sir­le­ri gal­dyr­ýan gör­nüş­le­ri eme­le ge­tir­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ga­ýyk­dan aja­ýyp ýer­li gör­nüş­le­ri syn­lap, kö­lüň ke­na­ry­na gel­di. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de dö­re­dil­ýän dynç alyş zo­la­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri, onuň bi­na­gär­lik keş­bi, gö­zel­lik we amat­ly­lyk de­re­je­si bi­len bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň dynç al­şyň mö­hüm ug­ry ha­sap­la­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu ýer­de de­giş­li me­de­ni mak­sat­na­ma­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni aýt­dy we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Hormatly Prezidentimiz tek­lip edil­ýän tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, bi­na­la­ryň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­me­giň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by­dy­gy­na ün­si çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz kö­lüň ke­na­ryn­da dö­re­dil­ýän dynç alyş top­lu­my­nyň äh­li ila­ty­myz üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy, ma­ha­bat edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­gy ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu kün­je­giň eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne mö­hüm orun de­giş­li bol­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baştutanymyz aýt­dy we öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.