Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyz tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelere ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde giňden bellenilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde çagalaryň gatnaşmagynda dürli derejede aýdym-sazly dabaralar guralýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen döwleti çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesli terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler täze derejä çykýar. Çagalaryň döwrebap derejede ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy kabul edildi. Ol hem çagalaryň irki ýaşdan ösdürilip ýetişdirilmegi üçin esasy binýat bolup durýar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. “Awazada”, “Gökdere” jülgesinde gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly geçirýär.
Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen her ýylda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Iň eýjejik gyzjagaz” atly bäsleşikler ýokary derejede, guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde kompýuter sowatlylygy we dürli dersler boýunça her ýylda geçirilýän ders bäsleşikleri hem dürli ugurlardan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Her ýyl täze okuw ýylynyň başynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisi hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuter sowgat alýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň rus, iňlis, fransuz, ýapon, koreý, hytaý dillerini, matematika, fizika, biologiýa, himiýa ýaly tebigy we takyk bilimleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde bilim almagy babatda giň mümkinçilikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň netijesinde, ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýesi, doly derejeli ösüşi, ahlak we maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygy babatda giň gerimli işler amal edilýär. Köp çagaly maşgalalara sowgat hökmünde öýleriň berilmegi döwlet tarapyndan bildirilýän hemmetaraplaýyn ünsüň aýdyň beýanydyr. Her ýylda sekiz we şondan köp çagany dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady berilýär.
Ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi milli kanunçylygyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Ýurdumyzda binýatlyk halkara-hukuk resminamalary, şol sanda “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, BMG-niň bu ugra degişli birnäçe möhüm konwensiýalaryna we teswirnamalaryna gol çekildi.
2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu ýurdumyzyň iň abraýly okuw mekdepleriniň biridir, onda türkmen dilini we edebiýatyny, matematika, taryh, geografiýa, zähmet, iňlis dili derslerini bäşinji we altynjy synplarda okatmak hukugy bilen başlangyç synplaryň mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini öwretmek hukugy berlen terbiýeçiler taýýarlanylýar. Bu ýerde işgärleri taýýarlamagyň, şol sanda mekdebe çenli edaralarda terbiýeçileri we psihologlary, daşary ýurt dilleri mugallymlaryny taýýarlamagyň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyryldy.
Ýaşajyk türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen iri möçberli çäreler ýurdumyzda diňe bir Çagalary goramagyň halkara gününde däl-de, eýsem, her günde, yzygiderli esasda geçirilýär. Bu asylly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýtäç Ataýewa,
Ýazsoltan Orazberdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymlary.