Ke­ra­mat­ly top­ra­gy­myz­da umu­ma­dam­zat mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şu­lan aja­ýyp ta­ry­hy me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz bar. Olar­da gö­zel te­bi­ga­tyň tä­sin­lik­le­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Dün­ýä­de de­ňi–ta­ýy bol­ma­dyk ahal­te­ke be­dew at­la­ry­myz, ne­pis ha­ly­la­ry­myz, tä­sin dok­ma­çy­lyk önüm­le­rimiz, aý­dym-saz, zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz bol­mak bi­len, hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly gyzyklanma eýe bolýar. Çün­ki haý­sy bi­ri­ni al­saň hem, ola­ryň äh­li­si­niň kök­le­ri ga­dy­my geç­mi­şiň jüm­mü­şi­ne uza­lyp gid­ýär. Ola­ryň äh­li­siniň hem süň­ňi dur­ky bi­len mil­li­li­ge ýug­ru­lyp gaý­ta­lan­ma­jak sun­ga­ta öw­rü­len gym­mat­lyk­lar­dyr. Halk ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň için­de has meşhury ha­ly­çy­lyk se­ne­di­dir. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň her gü­ni toý-baý­ram­la­ra bes­len­ýär. Ine, şo­la­ryň bi­ri hem Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ram­y­dyr. Ene-ma­ma­la­ry­my­zyň ne­pis­läp do­kan ha­ly­la­ry bu gün­ki gün biz ýaş ne­sil­le­re ga­dym­dan gel­ýän uly mi­ras go­ry bo­lup dur­ýar. Ol ir­ki dö­wür­den bä­ri dün­ýä meş­hur bol­mak bi­len, şöh­ra­ty­ny hä­zi­re çen­li hem sak­lap gel­ýär. Bäş müň ýyl­lyk geç­mi­şi­miz­de hal­ky­my­zyň iň ga­dy­my sun­ga­ty hök­mün­de türk­men ha­ly­sy­nyň nus­ga­lyk gör­nüş­le­ri onuň be­lent şöh­ra­tyn­dan ha­bar ber­ýär. Oguz ha­nyň döw­rün­den, türk­men mil­le­ti dö­rä­li bä­ri türk­men ha­ly­sy dün­ýä ýü­zü­ne özü­ni yk­rar et­dir­di. Şol za­man­dan göz­baş al­ýan üýt­ge­şik öwüş­gin­li, ne­pis do­ka­lan türk­men ha­ly­la­ry ösen, bi­te­wi döw­le­tiň öl­mez-ýit­mez sun­ga­ty­na öw­rül­di. Türk­men ha­ly­la­ry­na asyr­lar­bo­ýy “syr­lar si­ňen ne­pis­lik” di­ýil­me­gi ýö­ne ýer­den däl­dir. Ha­lynyň göl­le­riniň örän in­çe­den ga­dy­my kök­le­ri bar­dyr. My­sal üçin “göl” diý­mek, bu ga­dy­my tür­ki di­lin­den “oba, ýurt” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ha­ly­nyň gö­lü­ne se­re­dip haý­sy se­bi­tiň-te­ke türk­men­le­ri­niň ýa-da ýo­mut oba­la­ry­nyň, är­sa­ry ýa-da sa­lyr se­bit­le­ri­niň önü­mi­di­gi­ni ýal­ňyş­man aý­dyp bol­ýar. Olar­dan ýo­mut gö­li, sa­lyr gö­li, sa­ryk gö­li, är­sa­ry gö­li, çow­dur gö­li uly şöh­ra­ta eýe bo­lup, giň­den ýaý­ran­dyr.
Halkymyzda “Bir oka­na, bir do­ka­na” diý­lip, ha­ly do­kan bi­len okan adam deň de­re­je­de gö­r­lüp, hor­mat go­ýlup­dyr. “Ha­ly do­ka­mak iň­ňe bi­len gu­ýy ga­zan ýa­ly” di­ýil­me­gi­niň se­bä­bi bol­sa, gu­ýy gaz­ma­gyň örän kyn­dy­gy we ha­ly­ny do­ka­ma­gyň hem edil gu­ýy ga­zan ýa­ly kyn­ly­gy, ir­gin­siz­li­gi, köp wag­ty ta­lap ed­ýän­li­gi­dir. Ha­ly döw­let­li­li­giň, rys­gal­ly­lygyň, päk­li­giň zäh­met­sö­ýer­li­giň nus­ga­sy hök­mün­de wasp edi­lip ge­li­nip­dir.
Türk­men ha­ly­syn­da mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­ziň, ma­ma­la­ry­my­zyň we ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň el­le­ri­niň yz­la­ry, mä­hir­dir söý­gü­si bar. Çe­per el­li ze­nan­la­ry­myz türk­men te­bi­ga­ty­ny, öz is­leg-ar­zuw­la­ry­ny, şat­lyk buý­sanç­la­ry­ny us­sat­lyk bi­len göl-na­gyş gör­nü­şin­de ha­ly­nyň ýü­zü­ne ge­çi­rip­dir­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de bi­ziň ýur­du­myz­da ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty has gül­läp ös­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­sin ha­ly­la­ry dö­re­dip, us­sat­ly­­gy dün­ýä äş­gär bo­lan ha­ly­çy­la­ra “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ha­ly­çy­sy” di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar. Ha­ly­çy­lar ga­dy­my ha­ly sun­ga­ty­my­zyň nus­ga­la­ry­ny aýap sak­la­mak, kä­mil­leş­dir­mek bi­len ne­pis ha­ly­la­ry do­ka­ýar­lar.
Türk­men ha­ly­la­ry­nyň dünýäniň bir­nä­çe ýurt­la­rynyň mu­zeý­le­rin­de sak­lan­ma­gy, da­şa­ry ýurt­lar­da, hal­ka­ra ser­gi­ler­de ha­ly­la­ryň gör­ke­zil­me­gi bi­ziň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­za bo­lan hor­ma­tyň ulu­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li ha­ly önüm­le­ri­niň ser­gi­si hem ge­çi­ril­ýär.
Ýurdumyzyň ha­ly sun­ga­ty Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de has uly ösüş­le­re eýe bo­lup, mü­di­mi sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­di. Hor­mat­ly Prezidentimiziň baştutan­ly­gyn­da döw­le­ti­miz­de ulu­dan toý­lan­ýan Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň be­ýa­ny­dyr.

Gö­zel Gur­ba­no­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky
Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Ma­ry we­la­ýat Ge­ňe­şi­niň
gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.