Ýaponiýanyň hökümeti ýurtda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek hem-de goldamak maksady bilen täze maksatnamany öňe sürdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde syýahatçylara maliýe kömeginiň berilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, syýahatça gündelik 185 dollarlyk (20 müň ýen) ýörite talonlar berler. Munuň üçin döwlet tarapyndan 12,5 milliard dollar maliýe serişdesi gönükdiriler.
Ýaponiýanyň “Kyodo News” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, döwlet tarapyndan döredilýän bu ýeňillik syýahatçylara gündelik çykdajylarynyň belli bir bölegini ýapmaga kömek eder. Talonlar kafelerde, restoranlarda we dükanlarda kabul ediler.
– Bu düzgün iýul aýynyň ahyrynda güýje girer. Ýeňillikden peýdalanmak üçin öňünden myhmanhanada ýer sargyt etmeli. Muny özbaşdak ýa-da ýapon syýahatçylyk edaralary arkaly amala aşyrmak bolar – diýip, “Kyodo News” habarlar gullugynyň habarynda bellenilip geçilýär.
Begençmuhammet HYDYROW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.