Dünýäniň ençeme ýurdunda ykjam aragatnaşygyň 5G ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler dowam edýär. Bu döwürde Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy 6G ulgamynyň üstünde işläp başlady. Mundan başga-da, kompaniýa emeli hemra internet ulgamynyň tehnologiýasy babatda degişli işleri geçirip başlady.
“Xiaomi” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Szýun soňky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamly smartfonlary öndürmek üçin ummasyz köp möçberde maýa goýum özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, aragatnaşygyň täze nesli 6G ulgamy babatda hem iş alyp barýandyklaryny belledi. Onuň bellemegine görä, 5G ulgamy senagatda täze öwrülişikleriň amala aşyrylmagyna, wideomaslahatlar üçin işjeň ulanylmaga, şeýle hem öz-özüni dolandyrýan awtoulaglaryň tehnologiýasy üçin giňden ulanmaga mümkinçilik berer.
Bu kompaniýa Hytaýyň hökümeti bilen 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamynda täze şertleri döretmek babatda işleşer. “Xiaomi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun ýurduň hökümetiniň kömegi bilen 6G mobil ulgamy babatda deslapky barlag işlerini geçirip başlajakdygyny mälim etdi.
Saparmuhammet ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.