“Bloom­berg” me­dia kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bi­ler­men­le­ri öňü­miz­dä­ki 20 ýyl­da elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ösü­şi ba­ra­da mag­lu­mat­na­ma taý­ýar­la­dy­lar. Şol mag­lu­mat­na­ma la­ýyk­lyk­da:
• 2020-nji ýyl­da bu ulag­la­ryň sa­ny 1,7 mil­lio­na deň bo­lar. 2025-nji ýyl­da 8,5 mil­li­on elekt­rou­lag sa­ty­lar. 2030-njy ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 26 mil­lio­na, 2040-njy ýyl­da 54 mil­lio­na ýe­ter.
• 2022-nji ýyl­da elekt­rou­lag­la­ryň gör­nü­şi 500-e ýe­ter
• ABŞ-da, Hy­taý­da we Ýew­ro­pa­da bu ulag­la­ryň sa­ny dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­na ga­ra­nyň­da, has köp bo­lar.
• Öňü­miz­dä­ki 10 ýy­lyň do­wa­myn­da gib­rid, ýag­ny ki­çi göw­rüm­li ulag­lar hem uly meş­hur­lyk ga­za­nar.
• Aw­to­nom ýa-da öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän aw­tou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi en­tek ha­ýal ös­ýär. 2030-njy ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da bu gör­nüş­li ulag­la­r aw­tou­lag se­na­ga­ty­na tä­si­ri­ni ýe­ti­rip baş­lar.
• 2025-nji ýyl­da ben­zin we elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ba­ha­sy deň­le­şer.
• Dün­ýä­niň 13 ýur­dy eý­ýäm gel­jek­de ben­zin we di­zel bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ulan­mak­dan ýüz öwür­di­ler.
• Hä­zir­ki wagt­da tä­jir­çi­lik mak­sat­ly ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň 2 gö­te­ri­mi elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len iş­le­ýär. 2030-njy ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 28 gö­te­ri­me deň bo­lar.

Täzegül MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.