“Omdia Research” kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna laýyklykda, ýanwar-mart aýlarynda iň köp satylan telefon “iPhone 11” boldy. ABŞ-nyň dünýä belli “Apple” kompaniýasy 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde tutuş dünýäde “iPhone 11” nyşanly smartfonlaryň 19,5 millionynyň satuwyny amala aşyrdy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu kompaniýanyň iň köp isleg bildirilen “iPhone XR” smartfonyndan öňe saýlandy. Bu telefonyň 13,6 milliony satylypdy.
Üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasynyň “Samsung Galaxy A51” telefonynyň 6,8 milliony satyldy. Şeýle hem iň köp satylan telefonlaryň sanawynda üçünji orny 6,6 million sanysy satylan “Redmi Note 8” telefony boldy. Ýer ýüzünde iň köp isleg bildirilen telefonlaryň sanawynda ilkinji onlukda “Apple” we “Samsung” kompaniýalarynyň hersinden 4 telefon görnüşi bar.
Şeýle hem tutuş dünýäde 5G ulgamly smartfonlarynyň satuwynda “Samsung” kompaniýasynyň “Samsung Galaxy S20+ 5G” telefony öňdeligi eýeledi. Geçen döwürde bu telefonyň 3,5 millionynyň söwdasy amala aşyryldy. Bu sanawda ikinji orny “Huawei Mate 30 5G” (2.9 mln) eýeledi.
Raşit YLÝASOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.