Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzda sport ulgamy döwrüň täze gazananlary bilen barha kämilleşýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, ýokary baýrakly orunlar bilen dolanyp gelýärler.
Sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek, türgenleriň halkara ýaryşlaryndaky netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Muňa ýurdumyzyň sport ulgamynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirýän wideomaslahatlarynda hem-de iş duşuşyklarynda hem görmek bolýar. Golaý wagtda şeýle duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport ministrliginiň wekilleri bilen onlaýn duşuşyp, sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem-de Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň meselelerine garaldy. Bu duşuşykda iki ýurduň ýokary derejedäki halkara sport bäsleşiklerini geçirmekde hem-de Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde toplan tejribelerine ýokary baha berildi. Şeýle hem Welotrek sport toplumynda Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) Prezidenti Dawid Lappartient bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meseleleri, şeýle hem bu dünýä çempionatyna Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine gabat gelýän döwrebap köpugurly stadionlaryň we beýleki möhüm sport desgalarynyň gurluşygy boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Röwşen Kuwwadow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.