Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp paýtagtymyz gözel Aşgabatda ak mermerli beýik-beýik binalar gurlup, olaryň daş-töwereginde, şäheriň eteklerinde bezeg beriji saýaly, pürli agaçlar, güller ekilip, bagy-bossanlyga, lälezarlyga we gülüstanlyga öwrülýär. Bu gün gözel paýtagtymyz bagy-bossanlygy, owadanlygy, arassalygy bilen göreni haýran galdyrýar. Ajaýyp paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan, daş-töweregiň howasyny arassalaýan, adamyň saglygyny berkidýän, ýakymly ysly, dürli peýdaly maddalary bölüp çykarýan ösümlikler, esasan hem, bezeg beriji agaçlardyr.
Bezeg-bagçylyk ilatly ýerleri abadanlaşdyrmagyň zerurlygy bolup, olar howany kislorod bilen baýlaşdyryp, kömürturşy gazy sorup, ilatyň sagdyn bolmagy üçin amatly şertleri döredýär. Bezeg-bagçylygyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin has möhümdir. Tomsuna howanyň örän yssy we gurak bolmagy ösümlikleriň az ýerinde adamlara ýaramaz täsirini ýetirýär. Şäherlerde, oba ýerlerinde, awtoulag serişdeleri howany tüssedir tozan, gurum we şuňa meňzeşler bilen has köp derejede hapalaýarlar.
Howadaky tozanyň mukdarynyň bagly köçelerde bagsyz köçelere garanyňda 3 esse az bolýandygy belli edildi. Ak akasiýa, adaty zirk, igde, türkmen arçasy, oblepiha, grek hozy, sosna we başga-da birnäçe agaçlar fitonsidleri köp bölüp çykarmaga ukyplydyr. Ýaprakly agaçlaryň her biri ýylyň dowamynda 2-3 kilograma, pürli agaçlaryň pürleri 5 kilograma, türkmen arçasynyň 30 kilograma golaý fitonsid maddalaryny bölüp çykarýandygy anyklanyldy. Tokaý agaçlarynyň täsiri bilen howanyň himiki düzümi-de, fiziki ýagdaýy hem gowulanýar.
Agaçlaryň sesiň güýjüni peseltmekde hem ähmiýeti uludyr. Ýaprakly agaçlar sesiň güýjüni 25 göterime çenli saklap bilýärler. Agaçlar dogry saýlanylyp, oňaýly edilip oturdylanda olar sesiň güýjüniň 60 göterime çenlisini özüne siňdirip, peseldip bilýärler. Şeýlelikde, dürli agaçlar, bezeg-baglar adamlaryň saglygynyň gowulanmagyna, ruhy göterilişe we iş öndürijiliginiň artmagyna getirýär.
Emetylla HABIBULLAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.