Soňky ýyllarda Ýewropa elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligine we bu ugurda täzeçil tehnologiýalaryň işlenip düzülmegine maýa goýmakda öňdeligi eýeläp barýar. Bu ugurda Hytaýdan öňe saýlanan Ýewropada bu pudaga 60 milliard ýewrolyk maýa gönükdirildi. “Financial Times” neşiriniň habar bermegine görä, bu ugurda geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde soňky 2 ýylyň dowamynda maýa goýum görkezijileriniň 20 göterim artandygy mälim edildi.
2018-nji ýylyň ortalaryna çenli Ýewropa 3,2 milliard ýewro hususy we döwlet maýa goýumlaryny çeken bolsa, degişli döwürde Hytaýyň maýa goýum görkezijisi 22 milliard ýewro deň boldy. Ýöne 2019-njy ýylda Ýewropanyň maýa goýumy 60 milliarda, Hytaýyňky bolsa 17,1 milliarda deň boldy. ABŞ hem bu ugurda Ýewropadan we Hytaýdan yzda barýar.
Bu pudagyň çalt depginlerde ösdürilmegi Ýewropa Bileleşiginiň howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini ep-esli derejede azaltmak bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýalar bu ugurda degişli işleri geçirmedik halatynda olara uly jerimeler garaşýar. Awtoulag önümçiliginiň öňdebaryjylaryndan “Volkswagen” kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ulaglar üçin öňümizdäki 4 ýylda 33 milliard ýewro maýa gönükdirip, 2029-njy ýyla çenli 75 täze elektroulaglaryň görnüşlerini hödürlemekçi bolýar. Şeýle hem Çehiýanyň “Skoda” kompaniýasy 6,6 milliard ýewrolyk maýa goýum taslamalary bilen çykyş etdi. ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy Germaniýadaky kärhanasyna 4 milliard ýewro, Hytaýyň CATL kompaniýasy bolsa Germaniýada akkumulýator önümçiligini amala aşyrjak zawoda 1,8 milliard ýewro maýa gönükdirer.
Salyh HUDAÝBERENOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.