Dünýäniň ähli ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklary möhüm ähmiýete eýedir. Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary özünde öndürilen önümleri we harytlary dünýä bazaryna çykarmak üçin tagalla edýärler. Ine, şeýle döwürde “International Trade Centre” agentligi 2019-njy ýyl boýunça eksport babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny düzdi. Şoňa laýyklykda, dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlar barada gysgaça maglumat bermegi makul bildik.
1. Hytaý: soňky ýyllarda bu ýurt dünýäniň öňdebaryjy hem-de iri eksport ediji ýurtlaryň biridir. 2019-njy ýyl boýunça ýurduň eksportunyň möçberi 2,498 trillion dollara deň boldy. soňky ýyllarda eksport möçberi yzygiderli ýokarlanýar.
2. ABŞ: bu sanawda ikinji orunda ABŞ durýar. Onuň eksporty 1,645 trillion dollara barabar boldy. ABŞ-nyň esasy eksport önümleri – nebit önümleri, awtoulag, uçar, dikuçar, awtoulag şaýlary, şeýle hem dürli dermanlar.
3. Germaniýa: Ýewropanyň öňdebaryjy ýurdy 1,486 trillion dollarlyk eksporty bilen üçünji orunda durýar. Bu ýurduň esasy söwda hyzmatdaşy Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardyr.
4. Niderlandlar: 2019-njy ýylda bu ýurduň eksportunyň möçberi 721 milliard dollara deň boldy. Esasy eksport önümleri – himiýa senagaty önümleri, tebigy gaz, metaldan ýasalan harytlar. Niderlandlar Patyşalygynyň esasy söwda hyzmatdaşlary – Germaniýa, Belgiýa, Beýik Britaniýa we Fransiýa.
5. Ýaponiýa: bu ýurt 705 milliard dollarlyk görkezijisi bilen bäşinji orunda durýar. Ýaponiýanyň esasy söwda hyzmatdaşlary – ABŞ, Hytaý, Koreýa Respublikasy we Tailand.
6. Fransiýa: Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Fransiýa 555 milliard dollar möçberindäki görkezijisi bilen öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýar. Fransiýada öndürilýän harytlaryň agramly bölegi Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna ýerlenýär.
7. Koreýa Respublikasy: Hytaý, Ýaponiýa, Tailand we ABŞ bilen ýakyndan söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýan Koreýa Respublikasynyň eksport möçberi 542 milliard dollara deň boldy.
8. Italiýa: bu ýurt 541 milliard dollarlyk eksporty bilen öňdebaryjy ýurtlaryň sanawynda. Esasy söwda hyzmatdaşlary Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarydyr.
9. Gonkong: Hytaýyň administratiw etrabydyr. Bu sebitiň ykdysady görkezijileri aýratyn hasaplanýar. 2019-njy ýylda Gonkongyň eksporty 535 milliard dollara deňeçer boldy.
10. Beýik Britaniýa: 2019-njy ýyldaky eksporty boýunça Beýik Britaniýa hem öňdäki orunlary eýeleýär. Bu ýurduň eksport möçberi 467,5 milliard dollara deňdir. Iň möhüm söwda hyzmatdaşlary ABŞ we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarydyr.
Akgül Annaýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.