Innowasiýa tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, ylym we tehnologiýalar babatda täze usullardan we innowasiýa tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamaklygyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygynyň subutnamasydyr. Tehnologiýa döwrebap ykdysadyýeti kemala getirmekde täsir ediji esasy gural boljak bolsa, eýsem, “tehnologiýa” düşünjesi näme?
Tehnologiýa – adamzat döräninden bu güne çenli ýygnalan maglumatlaryň amal edilmesidir. Başgaça aýdanymyzda, bilimiň we tejribäniň durmuşa geçirilmegidir. Kämilleşmäniň dowamynda taryhda ullakan yzlar galdyryldy. Olar tekeriň, bug maşynlarynyň, mikroçipiň oýlanyp tapylmagy, himiki elementleriň açylyp öwrenilmegi, kosmosda planetalaryň öwrenilmegi we şuňa meňzeş açyşlaryň birnäçesinden ybaratdyr.
Tehnologiýa kämilleşdigiçe adamlaryň ýaşaýşyna öz täsirlerini ýetirýär. Taryha ser salsak, ilki bilen adamlar oba hojalygyna uýgunlaşan döwründe dürli tehnologiki gurallaryň kömegi bilen köp ýeri gysga möhletde bejerip hasyllylygy ýokarlandyrypdyrlar. El zähmetinden mehaniki maşynlara geçilmegi, adamlaryň işlerini has hem ýeňilleşdirip köp haryt öndürilmegi netijesinde harytlaryň bahasynyň elýeterli bolmagyna getirdi. Maglumatlar döwründe bolsa tehnologiýalaryň kämilleşmegi netijesinde “Kompýuter” diýip atlandyrylýan enjam has köp maglumatlary işläp taýýarlap “Sanly ykdysadyýetiň” emele gelmegine getirdi. Döwrümizde emele gelen uly göwrümli maglumatlary has çalt işleýän “Quantum” kompýuterler döredildi.
Çalt kämilleşýän tehnologiýalar: ykdysadyýete, bazara, öndürijä, sarp edijä öz täsirini nähili ýetirýär? Ilki başda diňe adam güýji we birnäçe gurallar bilen bejergi edilýän topraklar soň-soňlar eldekileşdirilen haýwanlar we olara çatylýan gurallar bilen topragy bejeripdirler. Şeýlelik bilen, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrypdyrlar. Mehaniki maşynlaryň döwri başlanmagy bilen oýlanyp tapylan traktorlaryň we olara çatylýan enjamlaryň kömegi bilen bu işleriň ählisi has hem aňsatlyk bilen ýerine ýetirilipdir.
Mehaniki maşynlaryň döwründe bolsa bug maşynlary her näçe köp kömür talap etse-de gysga wagtyň dowamynda Ýewropada otlularda, fabriklerde we birnäçe pudaklarda ornaşdyrylypdyr. Elektrik togunyň we elektrik motorlarynyň ulanylmaga başlanmagy bilen çykdajylar azalmaga başlapdyr. Bu tehnologiýanyň agyr senagata ornaşdyrylmagy bilen adamlaryň işlerini enjamlar ýerine ýetiripdir. Soňra köp pudaklarda elektrik bilen işleýän enjamlar, önümler kämilleşdirilipdir we ulanylyşy has hem ýaýbaňlaşypdyr.
Maglumat döwründe bolsa iň uly maýa goýumlar maglumat tehnologiýalaryna goýuldy. Kämilleşdirilen maglumat tehnologiýalarynyň ähli pudaklara ornaşdyrylmagy netijesinde has netijeli önümçilik ýola goýuldy.
Mahabatlandyrmanyň ösmegi bilen sarp edijileriň islegleri hem ösdi. Şonuň üçin, häzirki wagtda sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak esasy üns merkezinde saklanýan mesele bolup, bu ýagdaý öndürijileriň hemişe täze harytlary öndürmäge we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmaga bolan zerurlyklaryny artdyrýar.
Umuman, tehnologiýalar milli ykdysadyýetiň hil taýdan ýokary ösüş depginini üpjün etmäge, şonuň ýaly-da onuň ylym-bilim ulgamynyň mäkäm binýadyny tutmaga ýardam berýän güýçli döwlete öwrülmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň netijesidir.
Leýli Aşyrowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.
Döwran Hümmedow,
talyp.