Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň ylym we bilim ulgamynyň özgerdilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümleri döredildi, bu ulgamda iň täze usullary özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň täze binalary guruldy.
Bilim edaralaryny okuw kitaplary we gollanmalar bilen üpjün etmek, halkara ölçeglerine kybap gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar.
“Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz geçen hepdede geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap, beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy hem-de şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak, bilim we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamak we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekde mekdebe çenli bilim we terbiýe berýän edaralaryna hem uly orun degişlidir. Güneşli Diýarymyzda mekdebe taýýarlaýyş merkezleriniň sanyny, mekdebe çenli bilim we terbiýe berýän edaralarynda gurnaklaryň sanyny artdyrmak hem-de milli we hereketli oýunlar arkaly çagalaryň mekdebe çenli bedenterbiýe sapaklaryny kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli bilim we terbiýe berýän edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasynyň üstünlikli işlemegi üçin, çaganyň irki ösüşine ýardam berýän köpugurlaýyn çemeleşme, şeýle hem uly ýaşly nesliň tejribesini we bilimlerini ösdürmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, çagalaryň sagdyn bedenli bolup ýetişmegi ugrunda hem uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap saglygy goraýyş edaralary hyzmat edýär. Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan “Ene mähri” merkezleriniň döredilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň açylmagy we işjeň işlemegi hem ýaş körpe nesiller barada edilýän aladalaryň aýratyn subutnamasydyr.
Diýarymyzda çagalaryň şadyýan, ruhubelentlikde oýnap, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Saparmyrat SAPARMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.