Italiýanyň “Fiat” kompaniýasy özüniň kiçi göwrümli ulaglary bilen köp ýyldan bäri tanalýar. Kompaniýa geçen asyryň ortalaryndan bäri meşhur bolan şäher ulagy “Fiat 500”-iň dürli nusgalarynyň önümçiligini ýatyryp, ulurak görnüşini çykarmagy maksat edinýär. Netijede, “Fiat X” we “Fiat 500L” ulaglarynyň ýerine “Fiat 500XL” atly krossower peýda bolar.
Italýan brendi ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşlerini hem köpeldýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Oliwýe Fransua 500L-iň şäher ulagy bolandygy üçin elektrik energiýasy bilen ýöremäge amatlydygyny belleýär. Şol sebäpli bu ulagyň ýangyjynyň görnüşleri kämilleşdirilýär.
“Fiat” kiçi göwrümli ulaglary 1950-nji ýyllaryň ahyrynda çykaryp başlady. 2007-nji ýylda bolsa, täzelenen görnüşi peýda bolup, şondan bäri o diýen üýtgeşme girizilmedi. Şu ýylyň başynda “Fiat 500” modeliniň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi peýda boldy. Täze “Fiat 500XL”-iň hem daşky dizaýny şu ýyl çykarylan ulaga meňzeş bolmagyna garaşylýar.