Fransiýada daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýan elektroulag alan müşderilere 7 müň, şeýle ulaglary satýan kompaniýalara her ulag üçin 5 müň ýewro berler. Gibrid tehnologiýa bilen üpjün edilen ulaglar üçin hem 2 müň ýewro arzanlaşyk ediler. Ýurtda 2025-nji ýyldan başlap, her ýylda 1 million elektrik energiýaly we gibrid ulaglar öndüriler. Şeýle hem Fransiýanyň ýene-de dört ýyldan Ýewropanyň iň köp ulag öndürilýän ýurdy bolmagy üçin tagalla edilýär. Belli fransuz awtoulag brendi “Renault” 2022-nji ýyla çenli elektroulag önümçiligini 3 esse artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron habar berdi.