Egin-eşik ada­myň daş­ky gör­nü­şi­ni be­ze­ýän zat­la­ryň bi­ri­dir. Şol se­bäp­li adam­lar özü­ne ge­liş­ýän, gö­ze ge­lüw­li gör­kez­ýän egin-eşik­le­ri saý­lap al­ýar­lar. Egin-eşik­ler saý­la­nan­da, di­ňe owa­dan­ly­gy däl, eý­sem ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny hem göz öňün­de tut­ma­ly bol­ýar. Şo­nuň üçin adam­lar eşik­le­ri möw­sü­me gö­rä saý­la­ýar­lar. Gy­şy­na içi sütükli, ga­lyň, ýüň­den ti­ki­len eşik­ler ge­ýil­ýän bol­sa, ýa­zy­na has ýe­ňi­l­räkleri ge­ýil­ýär. Ba­har pas­lyn­da ygalyň köp ýag­ýan­dy­gy üçin suw ge­çir­me­ýän eşik ge­ýil­ýär. Bu dö­wür­de adam­lar ýa­ny­na sa­ýa­wan al­ma­gy hem kem gö­re­nok­lar. Möw­sü­me la­ýyk ge­ýin­mek, sag­lyk taý­dan hem, jem­gy­ýet bi­len aýak­daş git­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan hem ge­rek­li­dir. Eý­sem, ys­sy gün­ler­de nä­hi­li ge­ýin­me­li?
Aşa ys­sy ho­wa­da da­şar­da gez­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Süýr gü­nortan wag­ty gö­ni düş­ýän şöh­le ada­myň te­ni­ne ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Şol se­bäp­li ýu­ka, ýeňli we giň eşik­leriň ge­ýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik za­dyň reň­ki­ onuň yza ser­pik­dirýän şöhlesiniň reňkidir. Ýag­ny, ak reňk özü­ne düş­ýän hem­me reňk­dä­ki şöh­le­le­ri yzy­na ser­pikd­irýän bol­sa, ga­ra reňk äh­li şöh­lä­ni özü­ne çek­ýär. Gök reňk­li zat di­ňe gök reňk­li şöh­lä­ni yzy­na ser­pik­di­rip, beý­le­ki reňk­dä­ki şöh­le­le­ri özü­ne çek­ýär. Şo­nuň üçin adam­lar gü­neş­li gün­ler­de ak we açyk reňk­li eşik­le­ri geý­ýär­ler. Bu reňk­ler şöh­lä­ni yzy­na ser­pik­dir­ýän­di­gi üçin ys­sy ho­wa­da geý­mä­ge has amat­ly. Gy­şy­na gara we go­ýy reňk­li eşik­le­riň saý­lan­ma­gy hem şo­nuň ýa­ly. Bu reňk­ler şöh­lä­ni özü­ne siň­dir­ýän­di­gi se­bäp­li so­wuk ýa-da sal­kyn pa­syl­lar­da geý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Eger gü­nüň ys­sy wag­ty da­şar­da gez­me­ýän bol­sa­ňyz, is­len­dik pa­syl­da hem is­län reňk­li eşi­gi­ňi­zi ge­ýip bi­ler­si­ňiz. El­bet­de eşi­giň ti­ki­len ma­ta­sy­nyň gör­nü­şi­niň hem onuň gyz­ma­gy­na tä­siri bar. Hü­när­men­ler ys­sy­da ýum­şak, gyz­ma­ýan we çy­gy özü­ne siň­di­rýän ma­ta­lar­dan ti­ki­len eşik­ler geý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Mu­nuň üçin pag­ta­dan edi­len egin-eşik­ler has amat­ly ha­sap­lan­ýar. Eme­li sü­ýüm­ler­den ön­dü­ri­len ho­wa ge­çir­me­ýän ma­ta­lar­dan ti­ki­len eşik­ler bol­sa adam be­de­ni üçin ýa­ram­syz bol­ýar. Beý­le eşik­ler ho­wa ge­çir­me­ýän­li­gi se­bäp­li has köp der­led­ýär. Uzak ara­ly­ga ýö­re­ýän bol­sa­ňyz aýak­ga­by­ňy­zy hem şo­ňa gö­rä saý­la­ma­ly. Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ran­mak üçin ýu­ka we ýe­ňil baş gap ge­ýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýär.