Um­man­lardyr de­ňiz­ler Ýer ýü­zü­niň üç­den iki bö­le­gi­ni tutýar. Şol se­bäp­li kos­mos­dan se­re­di­len­de pla­ne­ta­myz gök reňk­li bo­lup gö­rün­ýär.

Su­wuň aşa­gyn­da nä­me­ler bar­ka?
Ýer pla­ne­ta­sy­nyň dört um­ma­ny bo­lup, olar ma­te­rik­ler bi­len bö­lü­nen ägirt uly suw how­dan­la­ry­dyr. Olar ulu­ly­gy bo­ýun­ça de­giş­li­lik­de, Ýu­waş um­ma­ny, At­lan­tik um­ma­ny, Hin­di um­ma­ny we De­mir­ga­zyk buz­ly um­ma­ny. 8-nji iýunda Bü­tin­dün­ýä Um­man­lar gü­ni bel­le­nil­ýär. Ýer ýü­zün­dä­ki de­ňiz­dir um­man­la­ra ba­gyş­la­nan bu gün­de ola­ryň pla­ne­ta­myz üçin äh­mi­ýe­ti we ola­ry go­ra­mak üçin edilmeli işler mas­la­hat­la­şyl­ýar.
De­ňiz­ler­de nä­me­ler ýa­şa­ýar?
Ba­lyk­lar we beý­le­ki de­ňiz önüm­le­ri adam­lar üçin gym­mat­ly iý­mit çeş­me­si bo­lup dur­ýar­lar. De­ňiz­ler­den di­ňe ba­lyk aw­lan­man, olar eme­li usul­da hem kö­pel­dil­ýär. Ýer ýü­zün­dä­ki iň ki­çi we iň uly jan­dar­lar gu­ry ýer­de däl-de, de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýar. Plank­ton diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan jan­dar­lar we ösüm­lik­ler göz bi­len gö­rüp bol­ma­jak de­re­je­de ki­çi bol­ýar. Şeý­le hem gök kit Ýer ýü­zün­dä­ki iň uly jan­dar ha­sap­lan­ýar. Onuň ag­ra­my 200 ton­na go­laý, uzyn­ly­gy 30 metr­den geç­ýär. Alym­lar de­ňiz­ler­de tak­my­nan, iki mil­li­on ösüm­li­giň we jan­da­ryň gör­nü­şi­niň bar­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Hä­zi­re çen­li ola­ryň di­ňe 200 müň gör­nü­şi ha­sa­ba alyn­dy.
Baş­ga nä­me­ler bar?
Um­man­la­ryň as­tyn­da edil gu­ry ýer­dä­ki ýa­ly dag­lar, jül­ge­ler we kan­ýon­lar, hat­da şag­la­wuk­lar hem bar. Çuň ýer­ler­dä­ki de­ňiz ösüm­lik­le­ri to­kaý­la­ra meň­zeş bo­lup, dür­li gör­nüş­li ösüm­lik­le­riň we jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin şert dö­red­ýär. Mer­jen ga­ýa­lyk­la­ryn­da hem müň­ler­çe gör­nüş­li jan­dar ýa­şa­ýar. Deň­ziň düý­bün­de kök uran bu rif­le­riň daş­ky gör­nü­şi da­şa meň­ze­ýär. Bu ýer­ler­dä­ki dür­li reňk­li jan­dar­lar we ösüm­lik­ler örän aja­ýyp gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär.