Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň 8-nji möwsüminde 30 topar çykyş edýär. 1962-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda başlan bäsleşik 1963-nji ýylyň 22-nji maýynda tamamlanýar. Albaniýanyň wekili
ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar.
“Real Madrid” juda ir gaýdýar
Saýlama tapgyrynda “Milan” kluby “Union Luksemburg” toparyny 8–0 we 6–0 hasaplar bilen ýeňýär. Mazzola ady bilen bilinýän braziliýaly Žoze Altafini 1-nji oýunda 5, 2-nji duşuşykda 3 gol geçirýär. 2 oýunda 14 gol geçiren başga bir topar “Ipswiç Tawn” bolup, iňlis kluby Maltanyň “Floriana” toparyny 4–1 hem-de 10–0 hasaplar bilen utýar. Ilkinji 5 ýaryşyň çempiony, mundan öňki möwsümiň-de finalçysy “Real Madrid” öz meýdançasynda “Anderleht” bilen 3–3 deňme-deň oýnaýar. Myhmançylykda bolsa 1–0 asgyn gelip, 5 kubokly “Real Madrid” täze 10 ýyllygyň 3-nji ýaryşyny-da kuboksyz tamamlaýar.
1-nji tapgyrda “Milan” öz meýdançasynda “Ipswiçi” 3–0 ýeňýär. Jogap oýnunda 2–1 utulsalaram, italýan kluby çärýek finala çykýar. “Feýenoord” topary bu tapgyrda-da 3-nji duşuşykdan soň, garşydaşyny ýeňmegi başarýar. 1-nji tapgyrdan başlap ýaryşa goşulan soňky çempion “Benfika” topary “Norrköping” bilen myhmançylykda 1–1 deňme-deň oýnaýar. Öz meýdançasynda bolsa, 5–1 hasabynda ýeňiş gazanan portugallar çärýek finala adyny ýazdyrýar. Edil “Benfika” ýaly 1-nji tapgyrdan ýaryşa goşulan “Stad de Reýms” 1-nji oýunda utulsa-da, öz meýdançasynda “Austria Wieni” 5–0 ýeňip, çärýek finala çykýar.
Çärýek finalda “Milan” “Galatasaraýy” 2 ýerde-de ýeňýär. Myhmançylykda 3–1 ýeňen “Milan” “San Siroda” Piwatelliniň (2) we Altafininiň (3) gollary bilen 5–0 utýar. Çärýek finalyň garaşylmadyk topary “Dandi” “Anderlehtden” 4–1 hem-de 2–1 hasaplar bilen üstün çykyp, futbol janköýerlerini geň galdyrmagyny dowam edýär. Çekeleşikli geçen oýunlardan soň, “Feýenoord” bilen “Benfika” hem ýarym finalçy bolýar.
Yzly-yzyna 3-nji çempionlyga
sary, ýöne…
Ýarym finalda “Milan” ýaryşyň garaşylmadyk ýarym finalçysy “Dandini” ýaryşdan çykarýar. Italýan topary öz meýdançasynda Sani (3), Barrison (47, 76) hem-de Moranyň (51, 82) gollary bilen 5–1 ýeňiş gazanýar. Jogap oýnunda 1–0 asgyn gelen “Milan” 1958-nji ýyldan soň, ýagny 5 ýyldan soň, 2-nji gezek finala çykýar. Beýleki ýarym finalda-da “Benfika” bilen “Feýenoord” güýç synanyşyp, Niderlandlardaky oýunda hasap açylmaýar. Ýöne portugal kluby Lissabonda Eýsebionyň, Augustonyň hem-de Santananyň gollary bilen 3–1 ýeňiş gazanyp, bassyr 3-nji gezek finala adyny ýazdyrýar.
Final duşuşygy 1963-nji ýylyň 22-nji maýynda Londondaky meşhur “Wembli” stadionynda oýnalýar. Duşuşyga 45715 janköýer tomaşa edýär. “Wemblidäki” ilkinji finalda angliýaly emin Artur Holland jürlewük çalýar.
Ilkinji italýan topary
Duşuşykda ilkinji bolup, geçen möwsümiň ahyrynda Bela Guttmanyň ornuna çilili Fernando Rierany tälimçilige bellän “Benfika” topary hasaby açýar. Bu goly 19-njy minutda Eýsebio öz adyna ýazdyrýar. Ýöne kapitan Çesare Maldini, Jowanni Trapattoni, Jino Piwatelli, Janni Riwera hem-de braziliýaly Žoze Altafini ýaly ýyldyzlary bilen 2-nji ýarymda başgaça oýnan “Milan” 2–1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarýar. “Milana” ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem 58-nji we 69-njy minutlarda toparyň braziliýaly ýyldyzy Žoze Altafini derwezä girizýär. Bu gollar onuň saýlama tapgyryny-da hasaba alanyňda, bäsleşikdäki 13-14-nji gollary bolýar we bu görkeziji 2018-nji ýyla çenli rekordlygyna galýar. 2017/18 möwsüminde bir möwsümde 15 gol geçiren Kristiano Ronaldo braziliýaly futbolçynyň rekordyny täzeleýär. Şeýlelikde, “Milan” 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, UEFA-nyň birinji derejeli klub ýaryşynda çempion bolan ilkinji italýan topary adyny alýar. Bu “Milanyň” şu ýaryşda gazanan 7 kubogynyň ilkinjisi bolýar.
UEFA Çempionlar
ligasynyň taryhyndan
Ýewropanyň Çempion
Klublarynyň
Kubogy — 1962–1963
Gatnaşan topar: 30
Geçirilen duşuşyk: 59
Tora salnan gollar: 214 (ortaça 3,63)
Iň netijeli oýunçy: Žoze Altafini (“Milan”) – 14 gol
Saýlama tapgyry
Milan—Union Luksemburg: 8–0, 6–0
Floriana (Malta)—Ipswiç Tawn: 1–4, 0–10
Dinamo Buharest—Galatasaraý: 1–1, 0–3
Polonia Bytom—Panatinaikos: 2–1, 4–1
SSKA Sofiýa—Partizan: 2–1, 4–1
Real Madrid—Anderleht: 3–3, 0–1
Şelburn (Irlandiýa)—Sporting: 0–2, 1–5
Dandi (Şotlandiýa)—Köln: 8–1, 0–4
Serwette—Feýenoord: 1–3, 3–1, 1–3
Fredrikstad (Norwegiýa)—Wasas (Wengriýa): 1–4, 0–7
Austria Wien—HIFK (Finlýandiýa): 5–3, 2–0 Worwarts Berlin—Dukla Praga: 0–3, 0–1
Linfild (D. Irlandiýa)—Esbýerg (Daniýa): 1–2, 0–0
Norrköping (Şwesiýa)—Partizani (Albaniýa): 2–0, 1–1
1-nji tapgyr
Milan—Ipswiç Tawn: 3–0, 1–2
Galatasaraý—Polonia Bytom: 4–1, 0–1
SSKA Sofiýa—Anderleht: 2–2, 0–2
Sporting—Dandi: 1–0, 1–4
Feýenoord—Wasas: 1–1, 2–2, 1–0
Austria Wien—Stad de Reýms: 3–2, 0–5
Esbýerg—Dukla Praga: 0–0, 0–5
Norrköping—Benfika: 1–1, 1–5
Çärýek final
Galatasaraý—Milan: 1–3, 0–5
Anderleht—Dandi: 1–4, 1–2
Stad de Reýms—Feýenoord: 0–1, 1–1
Benfika—Dukla Praga: 2–1, 0–0
Ýarym final
Milan—Dandi: 5–1, 0–1
Feýenoord—Benfika: 0–0, 1–3
FINAL (“Wembli”, London )
MILAN—BENFIKA: 2–1
(Žoze Altafini 58, 69 — Eýsebio 19)