24-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Türk­men-rus­ hyz­mat­daş­ly­gy dür­li ugur­lar­da, şol san­da iki hal­kyň ara­syn­da­ky dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýän yn­san­per­wer ugur­da tä­ze de­re­jä çyk­dy. Hut şu­nuň özi bu çä­rä­niň baş mak­sa­dy bo­lup, ol me­de­ni­ýet we sun­gat ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­ma­ga, dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga hyz­mat ed­ýär.
Me­de­ni çä­rä­niň çäk­le­rin­de Mosk­wa we Wla­di­mir şä­her­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­lar rus­si­ýa­ly­la­ra türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga aja­ýyp müm­kin­çi­lik dö­re­der. Mosk­wa­da ge­çi­ril­ýän fo­ru­ma gat­naş­mak üçin we­kil­çi­lik­li to­paryň dü­zü­mi­ne Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri we sun­gat us­sat­la­ry, şol san­da meş­hur ar­tist­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gir­di.

Ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Mosk­wa­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­ma­ti­ki we­kil­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri we beý­le­ki res­mi adam­lar, Rus­si­ýa­nyň dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.
Da­ba­ra­ly çä­rä ýyg­na­nan­lar deň­hu­kuk­ly we uzak ­möh­let­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, çy­kyş eden­ler şu gün­ki çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, bu du­şu­şy­gyň halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge no­bat­da­ky go­şant bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Türk­men sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti Mosk­wa­nyň esa­sy teatr­la­ry­nyň bi­ri­niň – “Al­tyn hal­ka” mil­li adym-saz te­at­ry­nyň za­lyn­da köp­san­ly mä­hel­lä­ni ýyg­nan şol gün­ki da­ba­ra­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Dö­re­di­ji­lik ag­şa­my­nyň mak­sat­na­ma­sy hal­ky­my­zyň saz mi­ra­sy­nyň, nus­ga­wy ope­ra we est­ra­da eser­le­ri­niň esa­syn­da dü­zül­di.
Şol gün ag­şam “Şöh­ra­ty äle­me ýaý­ran di­ýa­rym” at­ly ede­bi-saz­ly çy­kyş bi­len açyl­dy, onuň bi­len birwagt­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy geç­mi­şi we şu gü­ni ba­ra­da gür­rüň ber­ýän wi­deo­film gör­ke­zil­di. Gör­nük­li türk­men kom­po­zi­to­ry Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň nus­ga­wy owaz­la­ra öw­rü­len saz­la­ry bol­sa, bu ýe­re ýyg­na­nan­lar­da joş­gun duý­gu­sy­ny oýar­dy. Bu saz­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gü­niň döw­let sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň sa­zan­da­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Kon­ser­te türk­men ope­ra­sy­nyň we est­ra­da­sy­nyň bel­li aý­dym­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Te­at­ryň sah­na­syn­da meş­hur nus­ga­wy eser­ler, şeý­le hem rus­si­ýa­ly kom­po­zi­tor­la­ryň, hu­su­san-da, Alek­sand­ra Pah­mu­to­wa­nyň, Şan­gig Be­re­zows­ki­niň we beý­le­ki­le­riň dö­re­den saz­la­ry ýaň­lan­dy.
To­ma­şa­çy­lar türk­men sah­na us­sat­la­ry­na do­wam­ly el çarp­dy­lar we üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi bi­len gut­la­dy­lar, tä­ze du­şu­şyk­la­ry ar­zuw et­di­ler. Şol gün ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň we­kil­le­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­de ka­bul edil­di. Yn­san­per­wer ul­gam­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, şeý­le hem me­de­ni­ýet ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da ozal ga­za­ny­lan hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy du­şu­şy­gyň esa­sy me­se­le­si bol­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şol gün­ki dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge tä­ze iter­gi be­rip, ýurt­la­ry­my­zyň hem-de halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam eder. 25-nji aw­gust­da Rus­si­ýa­nyň esa­sy mu­zeý­le­ri­niň bi­rin­de türk­men ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň we mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň ser­gi­si­niň açy­ly­şy bol­dy. Şu me­de­ni çä­rä­niň mak­sat­na­ma­syn­da Wla­di­mir şä­he­rin­de iki ýur­duň sun­gat us­sat­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ti­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­dy.