24-nji aw­gust­da Türk­me­nis­tan­da saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň, Halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne bir­nä­çe ok­rug­lar bo­ýun­ça ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri jem­len­di. Oňa Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry, Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len iş to­par­la­ryň we­kil­le­ri, mil­li syn­çy­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Mej­li­siň bar­şyn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, bäs­deş­lik, aýan­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­rin­de ge­çi­ri­len saý­law­lar Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şiň de­mok­ra­tik ýo­lu­na hem-de döw­le­tiň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler ug­ru­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky aja­ýyp su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Saý­law­çy­la­ryň ýo­ka­ry iş­jeň­li­gi bel­le­nil­di, saý­law ok­rug­la­ry­nyň ýe­di­si bo­ýun­ça Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na saý­law­la­ra sa­na­wa gi­ri­zi­len saý­law­çy­la­ryň 92,12 gö­te­ri­mi gat­naş­dy. Saý­la­nan de­pu­tat­la­ry Mer­ke­zi saý­law to­pa­ryn­da ha­sa­ba al­dy­lar. Mil­li par­la­men­tiň gaý­ta­dan saý­la­nan de­pu­tat­la­ry­na şa­ha­dat­na­ma­lar gow­şu­ryl­dy. Şu pur­sat­dan baş­lap, olar ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk eda­ra­syn­da hal­kyň do­ly hu­kuk­ly we­kil­le­ri bo­lup dur­ýar.
We­la­ýat halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na saý­law­la­ra saý­law­çy­la­ryň umu­my sa­ny­nyň 91,74 gö­te­ri­mi, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na – 91,66 gö­te­ri­mi, Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na – 90,97 gö­te­ri­mi gat­naş­dy­lar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­ri­niň Ge­ňeş­le­ri­niň ag­za­la­ry üçin saý­law­çy­la­ryň 91,14 gö­te­ri­mi ses ber­di.
Hal­kyň saý­lan­la­ry­nyň kö­pü­si bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­nyň, döw­let hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, oba zäh­met­keş­le­ri, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň tej­ri­be­li hü­när­men­le­ri, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň ag­za­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň we bir­le­şik­le­riň iş­jeň­le­ri­dir.
Äh­li saý­law uças­tok­la­ry­nyň ara­gat­na­şy­gyň hä­zir­ki za­man se­riş­de­le­ri bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, mag­lu­mat­la­ryň iş­le­nil­me­gi we Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ry­na ibe­ril­me­gi des­si­ne ama­la aşy­ryl­dy. Saý­law­la­ryň bü­tin gü­nü­niň do­wa­myn­da ses be­r­li­şi­niň ne­ti­je­le­ri te­le­wi­de­ni­ýä­niň we ra­dio­nyň ýaý­lym­la­ry bo­ýun­ça be­ýan edil­di.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mej­li­sin­de halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň gaý­ta­dan saý­la­nan ag­za­la­ry­nyň sa­na­wy­na ga­ral­dy we ol tas­syk­lan­dy. Olar he­re­ket ed­ýän mil­li ka­nun­çy­ly­gyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ýa­kyn gün­ler­de ýer­li met­bu­gat­da çap edi­ler.
Mej­li­siň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar saý­law­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga hem-de hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my ka­bul edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ge­çi­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Şeý­le­lik­de, mil­li par­la­men­tiň gaý­ta­dan saý­la­nan de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň gaý­ta­dan saý­la­nan ag­za­la­ry­nyň öňün­de wa­jyp we­zi­pe – ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­le­riň we ösü­şiň top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry­nyň iş­jeň wa­gyz­çy­sy bol­mak we­zi­pe­si dur­ýar. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, il­deş­le­ri­mi­ziň bil­di­ren yna­my üçin jo­gap­kär­çi­lik ýo­ka­ry­dyr. Hal­kyň saý­lan­la­ry anyk iş­le­ri bi­len şol yna­ma höt­de gel­me­li bo­lar. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mej­li­sin­de bir­nä­çe beý­le­ki gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne hem ga­ra­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.