Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. Halkyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyrýandygyny bellemeli.
3-nji iýunda ýurdumyzda iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped güni giň gerimde bellenilip geçildi. Bu sene hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.
Şol gün milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan “Welosiped” binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmeleri Bütindünýä welosiped güni hem-de paýtagtymyzda “Welosiped” binasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.
Bitarap Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Sport baradaky garaýyşlar hem hemişelik Bitarap döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigini ýatlatdy.
Birleşen Milletler Guramasy bu Rezolýusiýany kabul etmek bilen, jemgyýetde welosipediň ähmiýetini wagyz etmek, beden hem-de ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramak ýaly, halkara çäreleriň bileleşik tarapyndan ykrar edilýändigini we doly goldaýandygyny tassyklady. Bu bolsa milli Liderimiziň aýratyn belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Sport we bedenterbiýe döredijilik hereketlerini, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki wagtda biz ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw saglyk sapagynyň geçirilendigini we bu ugurda dünýä rekordynyň gazanylandygyny ýatlatdy. Geçen ýyl bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda “Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirilip, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizi beýik maksatlara öňküden-de mäkäm jebisleşdirýän şu günki ajaýyp waka we Bütindünýä welosiped güni bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlap: “Goý, bu dabaraly we şatlykly gün biziň hakydamyzda hemişelik galsyn!” diýip ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmelere sagdyn we berk bedenli bolmagy, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmekde “Diňe öňe, öňe, öňe!” diýen şygara eýerip, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen we “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy boldy.
Wideoduşuşygyň dowamynda Dawid Lappartýen milli Liderimiziň ýurtda welosiped sportuny wagyz etmek we ony halkara derejä çykarmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň geçiren mejlisiniň jemleri boýunça hormatly Prezidentimize bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanýandygy hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere berilýär.
Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, munuň özi 2007-nji ýyldan bäri bu sylagyň ilkinji gowşurylyşydyr. Bu bolsa Türkmenistanyň, aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň dünýäde welosiped sportuny ösdürmäge goşandyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz bu ýerde “Welosiped” binasynyň degişli derejede saklanmagy we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi we hataryň öňüni başlady. Ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümleriniň agzalary we ähli baýramçylyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýola düşdüler. Welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş edip, bu çäräniň joşgunyny has-da belende göterdiler.
Paýtagtymyzyň gözel köçeleri bilen geçip barýan welosipedçileriň hatarlary belent ruhy bilen ýakymly täsir galdyrýar. Olaryň geçýän ýolunyň ugrunda ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp gözellik çaýýan ak mermerli kaşaň binalaryň hatary ruhuňy göterýär.
Şol günki dabaranyň ähmiýetini artdyran 12 kilometrlik menzil ýurdumyzyň nurana geljeginiň keşbini özünde jemleýän we halkymyzyň beýik işleriniň, ösüşe bolan gyzyklanmalarynyň beýany bolan Döwlet münberiniň ýanyndaky meýdançada tamamlandy.
Welosipedçilerden başga-da, ýörişe welorikşalar gatnaşdy, olarda belli medeniýet işgärleri, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň belli wekilleri bu ýere geldiler. Umuman, paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe 7 müň 400 adam gatnaşdy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem ýaýbaňlandyryldy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem goşuldylar. Olar tutuş dünýäde welosipedli ýörişleriň geçirilmegini guradylar. Bu çärä welosport boýunça milli federasiýalar, dürli ýurtlardan sportuň bu görnüşine höwesekler işjeň gatnaşdylar.
Aşgabatda guralan sport çäreleri Olimpiýa şäherçesinde dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň esasy tapgyryna gatnaşan agtygy Kerim bilen we baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi bu ýere geldiler. Sport toplumlarynda köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirildi we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy.
Toplumyň ähli desgalarynda futbol, woleýbol, basketbol, tennis we beýleki görnüşler boýunça çekeleşikli ýaryşlar guraldy. Şeýle hem küşt bäsleşikleri boldy. Her bir adam özüniň islegine görä, sport ýaryşlaryna goşuldy.
Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesinde Aşgabatda işleýän halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşdy, onuň dowamynda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygy meselelerine örän jogapkärli çemeleşýär, şunda Birleşen Milletler Guramasy we onuň agentlikleri bilen hyzmatdaşlyga ileri tutulýan ähmiýet berilýär diýip nygtaldy.
Abraýly halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandylar. Şeýle hem olar Olimpiýa şäherçesiniň bouling zalynda bolup, sportuň meşhur görnüşleriniň biri hasaplanylýan bouling oýnadylar.
Şeýle hem Olimpiýa şäherçesinde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Bilýard boýunça federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Olar soňky ýyllarda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Döwlet Baştutanymyz bilýard taýajygyny eline alyp, agtygy bilen özara bäsleşdi, şunda Kerim bilýard oýnunyň dürli tilsimlerini başarnykly peýdalanyp, ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Bilýard sporty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan türgeni Batyr Aşyrowy gürrüňdeşlige çagyrdy. Ol döwlet Baştutanymyza ozallar hem, häzir hem hemişe goldaw we üns berýändigi, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen sportunyň öňünde giň mümkinçilikleriň açylandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem bilýard oýnaýan ýetginjek bilen gürrüňdeş bolup, onuň näme üçin sportuň şu görnüşini saýlandygy bilen gyzyklandy hem-de ýokary netijeler gazanmak üçin ýadawsyz tagallalary etmelidigi barada oňa nesihatlary berdi.
Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn berýän goldawy üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza federasiýanyň adyndan ýeke-täk nusgada taýýarlanylan bilýard taýajygy sowgat hökmünde gowşuryldy.
Duşuşyk hemmeleriň bilelikde umumy surata düşmegi bilen tamamlandy. Ýadygärlik hem-de federasiýanyň taryhy üçin hormatly Prezidentimiz bilýardçy türgenler bilen aýratynlykda hem surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Bütindünýä welosiped güni bilen ýene bir gezek gutlap, ýygnananlara jan saglyk, üstünlik we abadançylyk arzuw edip, bu ýerden ugrady.