Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, sagdyn ruhly we berk bedenli nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä derejesine laýyk gelýän häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, multimediýa, interaktiw ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary, ak mekdepler, suw-sport toplumlary we seýilgähler ösüp gelýän ýaşajyk raýatlara hyzmat edýär.
Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde mekdeplerde okuw döwrüniň tamamlanmagy bilen dynç alyş möwsümi badalga alýar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly hem-de manyly geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu günler ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. Bu täsin künjekdäki merkezler her tapgyrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň ýedi müňden gowragyny kabul edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek döwletimiziň baş aladalarynyň biridir. Munuň üçin ýurdumyzda ýaşajyk ildeşlerimiziň mynasyp bilim we terbiýe almagy, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek mümkinçiligine eýe bolmagy üçin ähli işler edilýär.
Döwletimiz okuw ýylyny tamamlan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüni şadyýan we peýdaly geçirmegi, Köpetdagyň jülgelerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşen sagaldyş merkezlerinde dynç almagy we saglyklaryny berkitmegi üçin hem aladalar edýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisinde tomusky möwsüm badalga aldy. Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş merkezleri dynç alýan ilkinji ýaşlary kabul etdiler.
Döwrebap dynç alyş merkezleri çagalaryň wagtlaryny manyly hem-de şadyýan geçirmegi üçin zerur bolan ähli şertlere eýedir.
Bu köşklerde oýunlar hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp meýdançalar ýerleşdirilendir, tans zallary, kompýuter merkezleri, el işleri gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary gurnalandyr, baý mazmunly kitap gaznasy bolan kitaphanalar işleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda çagalaryň hemmetaraplaýyn dynç alşyny guramaga ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň – bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we derman senagaty, sport we ýaşlar syýasaty ulgamynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri ykjam taýýarlyk gördüler.
Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde her tomusky möwsümde dynç alyş merkezlerinde bäsleşikler ýaş artistleriň hem-de çagalaryň çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet we halkara derejelerindäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, şeýle hem meşhur estrada aýdymçylaryň we sazandalaryň gatnaşmagynda konsertler geçirilýär.
Ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga teatr we sirk toparlary hem, meşhur aýdym we tans toparlary hem taýýarlanýarlar. Çagalar üçin ak mermerli paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ajaýyp ýerlerine gezelençler, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, dynç alyş merkezlerine we seýilgählere baryp görmek guralar.
Arslan BERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.