Ar­tyk­maç ýag­la­ry ýak­ýar: eger işe we­lo­si­ped bi­len gi­dip ge­lseňiz we mu­nuň üçin azyn­dan her gün 30 mi­nut sarp ed­ýän bol­sa­ňyz, bir ýy­lyň do­wa­myn­da 5 ki­log­ram ýa­gyň be­den­den aý­ryl­ma­gy­na kö­mek ber­ýär. 50 ki­lo­g­ram ag­ram­da­ky ze­nan maş­ga­la günde 1 sa­gat we­lo­si­ped sür­mek bi­len 400 ka­lo­ri­ýa, 68 ki­log­ram ag­ram­da­ky er­kek adam şol wagt­da 659 ka­lo­ri­ýa sarp ed­ýär.
Me­ta­bo­liz­miň tiz­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar: we­lo­si­ped di­ňe bir ar­tyk­maç ýag­lar­dan ha­las bol­ma­ga ýa­kyn­dan ýar­dam et­män, eý­sem, or­ga­nizm­de mad­da çal­şy­gy­nyň tiz­li­gi­ni hem ýo­kar­lan­dyr­ýar. Şo­nuň üçin we­lo­si­ped se­miz­li­ge gar­şy iň yg­ty­bar­ly se­riş­de­dir.
Çy­dam­ly­ly­gy güýç­len­dir­ýär: we­lo­si­ped sür­mek be­de­niň çy­dam­ly­ly­gyny güýç­len­dir­ýär, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň iş­leý­şi­ni gowu­lan­dy­rýar.
Ýü­rek ke­sel­le­rin­den go­ra­ýar: we­lo­si­ped sür­mek gan da­mar­la­ry­ny ber­kit­mek üçin peý­da­ly­dyr. Şo­nuň üçin welosiped ýü­rek agy­ry­dan we in­sult­dan go­ra­nmak üçin ne­ti­je­li ulag­dyr.
Muhammetsapa MUHAMMETMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ta­ly­by.