Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: “Men hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň göz­baş­la­ry­ny ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gin­de gör­ýä­rin” di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­rin­den ugur alyp, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de düýp­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, dün­ýä ül­ňü­le­rin­de bi­lim ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Bu ugur­da ba­ha be­riş ul­ga­my hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ba­ha be­riş ul­ga­my ça­ga­nyň bi­lim gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ba­ha ber­mek üçin di­ňe bal­la­ra esas­lan­ýan ul­gam­dyr. Hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şy­myz­da ene-ata­lar dür­li ugur­lar­da zäh­met çek­ýär­ler we mek­dep ola­ryň ça­ga­la­ry­nyň bi­lim, ter­bi­ýe al­magy üçin esa­sy ýer bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, her bir okuw­çy­nyň peý­da­ly we bi­te­wi ösü­şin­de mek­dep­le­riň or­ny ulu­dyr. Bu di­ňe bir ça­ga­la­ryň tä­ze mag­lu­mat­la­ry, sa­pak­la­ry­ny iç­gin öw­ren­me­gi bi­len çäk­len­män, eý­sem, bi­lim al­mak ba­ba­tyn­da daş-tö­we­re­gin­dä­ki­ler bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lup öw­ren­mek bi­len göz­ýe­ti­mi­ni has hem gi­ňeld­ýär.
Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len okat­ma­gyň tä­ze usul­la­rynyň we beý­le­ki dü­züm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň hem kä­mil­leş­me­gi ze­rur­dyr. Şeý­le dü­züm­le­riň bi­ri hem okuw­çy­nyň uky­by­na we bi­li­mi­ne ba­ha ber­mek üçin bi­lim ul­ga­myn­da ba­ha ber­mek ul­ga­my­ny ulan­mak­dyr. Bu usu­lyň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan bi­ri, go­wy oka­ýan okuw­çy­la­ry or­ta­ça we or­ta­çadan pes okaýan okuw­çy­lar­dan aý­dyň ta­pa­wut­lan­dyr­mak bi­len okuw­çy­la­ryň ara­syn­da güýç­li bäs­deş­li­giň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de bi­lim ul­ga­myn­da ba­ha­lan­dyr­ma­gyň köp gör­nüş­le­ri bar. Ba­ha­lan­dyr­ma­gyň kä­bir gör­nü­şin­de san bel­lik­le­ri ulan­mak ada­ty bir en­dik bol­sa, kä­bir­le­rin­de adat­ça harp bel­lik­le­ri hem ula­nyl­ýar. Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da hem ba­ha­lan­dyr­ma­gyň harp bel­li­gi giň­den ula­nyl­ýar. On­da iň ýo­ka­ry ba­ha goýulşy 5-lik ýa­ly A we A+ bi­len aň­la­dyl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä­niň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny, Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýan her bir ada­myň hä­zir­ki za­man ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­ka­ryp bil­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň öňün­de goý­ýan giň möç­ber­li we­zi­pe­si san­ly bi­li­miň in­no­wa­si­on çe­me­leş­me­le­ri­niň, hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň we ul­gam­la­ry­nyň, mag­lu­mat gor­la­ry­nyň ula­ny­ly­şyn­da, bi­lim iş­gär­le­ri­niň bu ugur­da taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de düýp­li öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy” esa­syn­da, mag­lu­mat-bi­lim ul­ga­my­ny dö­ret­mek we bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek işi gi­ňiş­le­ýin al­nyp ba­ryl­ýar.

Mer­jen Sa­pa­ro­wa,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let
uni­wer­si­te­ti­niň 5-nji ýyl ta­ly­by.