Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä döw­let­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek bi­len ulag me­se­le­le­ri­niň ne­ti­je­li çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti yzy­gi­der­li art­ýar. Stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ulag me­se­le­le­ri­niň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Re­zol­ýu­si­ýa­lar mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sür­ýän oňyn tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­daw tap­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň or­ny has hem ýo­ka­ry de­re­je­le­re gö­te­ril­ýär. Bu gün­ki gün ulag pu­da­gy dün­ýä­niň se­bit­le­ri­ni we yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ulag ba­bat­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra go­şul­ma­gy bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da BMG, şol san­da onuň se­bit­le­ýin ko­mis­si­ýa­la­ry, ýag­ny Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy hem-de Azi­ýa we Ýu­waş um­ma­ny bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy we dur­muş ko­mis­si­ýa­sy (ES­KA­TO) bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, üs­ta­şyr-ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­re uly üns be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky stra­te­gi­ýa­sy uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­myz ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş edip, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar hem-de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de ola­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Ýur­du­myz­da al­nyp bar­yl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­t­da ulag ul­ga­my­na aý­ra­tyn orun de­giş­li bo­lup, döw­let Baş­tuta­ny­my­zyň bu ugur­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry we ne­ti­je­li tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Döw­le­ti­miz­de al­nyp ba­ryl­ýan ulag-lo­gis­ti­ka sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, dün­ýä de­re­je­sin­de hem da­ba­ra­lan­ýar. Dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­ne uza­ýan, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýan hal­ka­ra aw­tou­lag, ho­wa, de­ňiz-der­ýa we de­mir ýol­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär, tä­ze mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­le­ri dö­re­dil­ýär. Şeý­le ulag ge­çel­ge­le­ri­niň bi­ri-de Ow­ga­nys­tan-Türk­me­nis­tan-Azer­baý­jan-Gru­zi­ýa-Tür­ki­ýe (La­pis La­zu­li) hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­dir. Bu ge­çel­ge Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hem-de Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge hem-de ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär.
Ýur­du­myz­da de­mir ýol, aw­to­mo­bil, ho­wa we suw ulag­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len amat­ly we howp­suz hal­ka­ra ge­çel­ge­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi, halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­ni, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ke­me­gi­ni, söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry­nyň art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­keld­ýän hem-de Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýan bu ýol­lar Ýew­ro­pa, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny we Gü­nor­ta Azi­ýa ug­ry bo­ýun­ça mö­hüm hal­ka­ra ge­çel­ge­si­ne öw­rül­ýär. Ýur­du­my­zyň ulag sy­ýa­sa­ty­nyň ugur­la­ry­ny mun­dan beý­läk hem di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­niň, Mer­ke­zi Azi­ýa hem-de Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ara­syn­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­ýär. Hal­ka­ra ulag we lo­gis­ti­ki hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet de­giş­li­dir. Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, Türk­me­nis­tan ulag ba­bat­da on­lar­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň ag­za­sy, hal­ka­ra ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri bo­ýun­ça bag­la­şy­lan bir­nä­çe hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň gat­na­şy­jy­sy bo­lup dur­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da paý­tag­ty­my­zyň tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ni, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­nyň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy­ny, Ker­ki-Ymam­na­zar-Aki­na ug­ru­ny gur­ma­gyň aja­ýyp tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­dy, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
Umu­man, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm hal­ka­sy, he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bol­mak bi­len, hal­ka­ra ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­nyň ösü­şin­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Ulag-lo­gis­ti­ka pu­da­gy­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­ler bi­len öza­ra saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýär.

Re­jep­mu­ham­met NUR­MU­HA­ME­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň
uly mu­gal­ly­my,Türk­me­nis­ta­nyň
at ga­za­nan bi­lim iş­gä­ri.