5-nji iýunda bütin dünýäde
bolşy ýaly, ýurdumyzda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu möhüm günde ýurdumyzda dürli çäreler geçirilip, şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni esaslandyryldy. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ählumumy ekologiýa abadançylygy babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze usulyny – Hazar boýunça halkara ekologiýa dialogyny döretmek hakynda teklipler bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigaty netijeli ulanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Ýaşyl ösüşiň strategiýasy” hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem giň orun berilýär. BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň köp sanlysy yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Häzir Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda toplan tejribesi dünýäniň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlarynyň, maslahatlarynyň we seminarlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy hem tassyklaýar. 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna başlyklyk edendigini bellemek gerek.
Halkara kadalaryna laýyk gelýän “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary, “Tokaý kodeksi” döwletimizde ekologik ulgamda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny kämilleşdirýär hem berkidýär.
Tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasy ýurdumyzyň tutuş dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak işine uly goşandydyr. Bu howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek bolup, onuň çäklerinde şäherleriň, her bir ilatly ýeriň, awtomobil we demir ýollarynyň ugrunda täze tokaý zolaklary döredilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary kemala geldi. Ozal boş ýatan baýyrlar amatly howa gurşawyny emele getiren bagy-bossanlyklara bürendi. Ekilen bag nahallarynyň sany onlarça milliona ýetdi. Şeýle hem ýurdumyzyň çäginde derýalaryň, akabalaryň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýerleşýän ýeri bolan Hazar deňziniň kenar ýakalarynda gök zolaklar döredildi, Merkezi Garagumdaky “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereklerinde tokaý zolaklary döredilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Ogulşat ŞAPYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.