Adamlaryň käbirleri çilim çekmegi, beýleki zyýanly endikleri öwrenýärler. Soňra olar özlerine
ýaran gözleýärler, şol sebäpden hem, her dürli toslamalar oýlap tapýarlar. Geliň, ret edilen şol toslamalardan mysal getireliň! Lukmanlar bu toslamalary “toslamalar altylygy” diýip atlandyrýarlar.

Bi­rin­ji tos­la­ma – çi­lim ner­wi­ňi kö­şeş­di­rip, ga­har­lan­ma­gyň öňü­ni al­ýar we dart­gyn­lylyk­dan ha­las ed­ýär. Ha­ky­kat ýü­zün­de tem­mä­ki­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän mad­da­lar, şep­bik, ni­ko­tin we ş.m. beý­ni­mi­ziň iň wa­jyp no­kat­la­ry­nyň ge­çi­ri­ji­li­gi­ni tog­tat­mak bi­len, beý­ni­mi­ziň ge­çi­ri­ji­lik, ýag­ny ge­lip düş­ýän in­for­ma­si­ýa­ny öz­leş­dir­mek uky­by­ny pe­seld­ýär. Beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­niň tog­ta­ma­gy­ny bol­sa olar dart­gyn­ly ýag­da­ýy aýyr­ýan ýa­ly duý­ýar­lar we iň bol­man­da bir çi­lim çek­me­se­ler kö­şe­şip bil­me­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem, çi­lim­keş­ler­de ýal­ňyş pi­kir dö­räp, öz­le­ri­ni bu ýag­da­ýa ynan­dyr­ýar­lar.
Ikin­ji tos­la­ma – çi­lim çek­ýän­ler hiç ha­çan sem­re­me­ýär­ler. Şu ýa­lan pi­ki­re gul­luk edip, bir­nä­çe se­miz adam­lar hem çi­lim­keş­li­ge ýüz ur­ýar­lar. Em­ma, nä­çe çi­lim çe­kile­ni bi­len, çi­li­miň hor­lan­ma­ga peý­da­sy­nyň bar­dy­gy anyk­lanyl­ma­dy. Çi­lim çek­mek bi­len az wagt­lyk iş­dä­ňi ke­sip bol­ýar, ýö­ne bu ýag­daý ni­ko­ti­niň tä­si­ri as­tyn­da bo­lup, aş­ga­zan ke­sel­le­ri­niň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär.
Üçün­ji tos­la­ma – çi­lim çek­mek so­wuk­dan go­ra­ýar. Tem­mä­ki­niň zä­her­le­ri­niň tä­si­ri­ne da­mar­lar gy­syl­ýar­lar, ýyg­ryl­ýar­lar we şo­nuň ne­ti­je­sin­de da­ral­ýar­lar. El­bet­de, gy­sy­lan da­mar­dan gan uly ba­syş bi­len aý­lan­ma­ly bol­ýar. Onuň ne­ti­je­sin­de bol­sa, ýü­rek ur­ma­sy çalt­laş­ýar we gan ba­sy­şy ýo­kar­lan­ýar. Me­ge­rem siz şlang bi­len ekin su­wa­ryp gö­ren­si­ňiz? Şon­da şlan­ga­nyň uju­ny ba­syp da­ral­da­ny­ňyz­da, ba­syş ýo­kar­la­nyp, suw daş ara­ly­ga çüw­düri­lip baş­la­ýandyr. Yn­ha, si­ze ýo­ka­ry gan ba­sy­şy­nyň dö­re­mek usul­la­ry­na mysallaryň bi­ri. Mun­dan baş­ga-da, da­ra­lan da­mar­da su­wuk­lyk çalt so­wa­ýar, bu hak­da hem siz mek­dep ýyl­la­ry anatomiýa sa­pa­gyn­da ge­çen bol­sa­ňyz ge­rek? Da­ra­lan hem-de ze­per­le­nen da­mar­la­ryň di­war­la­ry bi­ri–bi­ri­ne ýel­me­şip, soň­lu­gy bi­len ýa­py­lyp gal­ýar­lar. Do­ku­ma­lar ga­nyň üs­ti bi­len iý­mit­len­ýän­di­gi üçin olar hem iý­mit­den ke­sil­ýär­ler. Çi­lim­keş­ler çi­li­me ma­ýyl bol­du­gy­ça­ şon­ça-da üşek bol­ýar­lar.
Dör­dün­ji tos­la­ma – “Ýe­ňil” çi­lim­ler sag­ly­gy­ňa on­çak­ly zy­ýan ýe­tir­me­ýär­ler. Çi­li­miň şep­bi­gi az we ýe­ňil bo­la­ny bi­len, çi­lim­keş­ler az­ly­gy bi­len ka­na­gat­lan­ma­ýar­lar. Şol se­bäp­den, olar ýy­gy–ýy­gy­dan çi­lim çek­me­li bol­ýar­lar. Yzy­gider­li çi­lim tüs­se­si­niň içi­ňe so­rul­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de bol­sa, öý­ken köp ag­ram çek­ýär we dem alyş ýol­la­ry has be­ter gy­jyn­ýar.
Bä­şin­ji tos­la­ma – Dün­ýä­de bir gi­den çi­lim­keş­ler bar, hem­me­sem ýa­şap ýör­ler, ara­syn­da uzak ýa­şa­ýan­la­ry hem bar. Dog­ry, mu­ňa “ýok” di­ýip bol­maz, el­bet­de, ýer ýü­zün­de bi­ren­tek çi­lim­keş­ler ýa­şap ýör­ler, ýö­ne nä­dip, nä­hi­li ýa­şa­ýar­lar? Aslynda çi­lim­keş­le­riň ýa­şa­ýyş­la­ry­na “ýa­şa­ýyş” di­ýer ýa­ly hem däl. O­ler ha­çan gör­seň, aş­ga­zan, dem alyş ýol­la­ry­nyň ke­sel­le­rin­den, öý­ke­niň howp­ly çiş­le­rin­den, in­sult­dan ejir çe­kip, öz jan­la­ry­ny howp as­tyn­da goý­ýar­lar. Olar dur­muş gö­zel­lik­le­rin­den mah­rum bol­ýar­lar diý­sek hem ýal­ňyş­ma­rys.
Al­tyn­jy tos­la­ma – çi­li­mi bir öw­re­ne­niň­den soň taş­la­mak müm­kin däl. Çi­li­mi taş­la­mak kyn, ýö­ne kyn hem bol­sa, çi­lim çek­me­gi go­ýup bol­ýar. Ni­ko­ti­ne bag­ly bol­mak, el­bet­de ke­sel. Öz kal­by­ňy­za gu­ýup, mert­lik bi­len “ýok” diý­se­ňiz, ka­na­gat et­se­ňiz bu zä­her­den dy­nyp bi­ler­si­ňiz! Ýa­ra­maz en­dik­le­ri taş­la­mak üçin hü­när­men luk­man­la­ra ýüz tut­sa­ňyz, olar hem si­ze hök­man kö­mek eder­ler. Na­har iý­mek, bu dur­muş äh­mi­ýet­li ze­rur zat. Çi­lim çek­mek dur­muş äh­mi­ýet­li ze­rur zat däl ahy­ry, il­ki baş­dan ony baş­la­ma­sa-da bo­lar­dy, ýö­ne baş­lan bol­sa­ňyz-da ony taş­la­mak mert­li­giň we gaý­rat­lyly­gyň ny­şa­ny­dyr.

Mu­ham­met­my­rat Gur­ba­now,
TSG we DSM-niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi­niň ke­sel­le­riň öňü­ni alyş bö­lü­mi­niň mü­di­ri.