Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­lyn­da oba ho­ja­ly­gyn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Häzirki wagtda aý­ra­tyn üns be­ril­ýän me­se­le­le­riň bi­ri hem dür­li gör­nüş­dä­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak hem-de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­dir. Şo­nuň üçi­nem oba ho­ja­ly­gyn­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­riň we te­le­ke­çi­le­riň öňün­de ýurdumyza da­şa­ry ýurt­lar­dan getirilýän azyk önüm­le­ri­niň ornuny tutýan öz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän çig mal­lar­dan taý­ýar­lan­ýan önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak hem-de ola­ryň hi­li­niň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy­ny ga­zan­mak me­se­le­le­ri giň gerime eýe boldy.
Ada­ma gün­de­lik ge­rek bol­ýan azyk önüm­le­ri bi­len bir­lik­de dür­li ösüm­lik­ler­den alyn­ýan ýag­la­ryň hem äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň döw­le­ti­miz­de dür­li ösüm­lik­ler­den ýag al­ma­gyň ýo­ka­ry müm­kin­çi­li­gi bo­lup, olar­dan pag­ta ýa­gy, kün­ji ýa­gy, mek­ge­jö­wen ýa­gy, gü­ne­ba­kar ýa­gy, ga­wun ýa­gy, kä­şir ýa­gy we baş­ga­lar has mö­hüm­dir. Ýag ön­dür­ýän kär­ha­na­lar ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da he­re­ket ed­ýär, olar Baý­ra­ma­ly­nyň ýag kär­ha­na­sy, Da­şo­g­uzyň ösüm­lik ýa­gy kär­ha­na­sy, Türk­me­na­bat Ýag-ekst­rak­si­ýa kär­ha­na­sy, Et­rek zeý­tun ýa­gy ki­çi kär­ha­na­sy we Ru­ha­bat ösüm­lik ýa­gy kär­ha­na­sy­dyr.
Ösüm­lik ýag­la­ry or­ga­nizm­ üçin ener­gi­ýa çeş­me­si­dir. Şo­la­ryň için­de gü­ne­ba­kar ýa­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
Ara­lyk ekin­le­riň ara­syn­da hem özü­niň tiz, ba­ry-ýo­gy üç aý­da bi­şip ýe­tiş­ýän­di­gi, dü­zü­min­de sak­la­ýan ýo­kum­ly ýa­gy­nyň muk­da­ry bo­ýun­ça ýag alyn­ýan beý­le­ki ösüm­lik­ler­den öňe geç­ýän gü­ne­ba­ka­ra uly orun de­giş­li­dir. Bug­da­ýyň yzy­na gü­ne­ba­kar ekip, ýag ön­dür­mek ba­ra­da edi­len sy­na­ny­şyk­lar, onuň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­di­rip, ýo­kum­ly hem aras­sa ýag ön­dü­rip bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Gy­şy­na bu ösüm­li­giň ba­şy mal­la­ra örän go­wy iý­mit bol­ýar.
Ekin do­la­ny­şy­gyn­da mek­ge­jö­we­niň, mä­şiň, noý­ba­nyň, ýaz­lyk we güýz­lik bug­da­ýyň yzy­na gü­ne­ba­kar ekil­se, go­wy ha­syl ge­tir­ýär, ýö­ne şu­gun­dy­ryň, ýo­run­ja­nyň yzy­na ekil­me­ýär, ony bir eki­len ýe­ri­ne 7-8 ýyl­dan soň ek­mek amat­ly bol­ýar. Gü­ne­bak­ar eki­ni gurp­ly to­ýun­sow top­rak­da su­wy çe­ki­lip ta­ba ge­len der­ýa­la­ryň ýa­ka­la­ryn­da ekil­se, bol ha­syl ber­ýär.
Mi­ne­ral dö­kün­le­ri ta­lap ed­ýän bu ösüm­lige­ fos­fo­ryň ýeterlik be­ril­me­gi ha­sy­lyň muk­da­ry­na we hi­li­ne go­wy tä­sir ed­ýär. Ýö­ne azo­dy 40-60, fos­for­y 60-90 ki­log­ram ga­ryp ber­mek has oňat ne­ti­je ber­ýär. Umu­my be­ril­me­li mi­ne­ral dö­kün­le­riň ýa­ry­ny 30-40 ton­na ýa­rym çüý­rän der­se ga­ryp, sü­rü­miň aşa­gy­na, ga­lan bö­le­gi­ne ösüş suw­la­ry­nyň öňün­dä­ki iý­mit­len­di­riş­de ber­mek mak­sa­da la­ýyk­dyr. Şon­da iý­mit­len­di­riş kul­ti­wa­tor­la­ryň ab­zal­la­ry ösüm­lik­den 12-15 sm çuň­lu­ga gi­rer ýa­ly edi­lip saz­lan­ýar. Bu eki­ne tä­ze ders be­ril­se, gü­ne­ba­ka­ryň bo­ýy aşa tiz ös­ýär, ne­ti­je­de ha­sy­ly pe­sel­ýär.
Hä­zir gü­ne­ba­ka­ryň sort­la­ry üç to­pa­ra bö­lün­ýär. Çi­git­le­n­mek üçin ekil­ýä­n günebakaryň bo­ýy 2-4 metr, ýo­gyn bal­dak­ly, ýe­ke uly ba­şly, dia­met­ri 17-45 san­ti­metr, iri çi­gi­di­niň uzyn­ly­gy 1,1-2,3 san­ti­metr, ini 0,8-1,2 san­ti­metr, onuň müň sa­ny­sy­nyň ag­ra­my 64-159 gram bolup, şe­ma­la ýy­ky­la­gan we giç ýe­tiş­ýär, şeý­le-de ýag­ly­ly­gy pes­ bol­ýar.
Ýa­gy al­mak üçin ýe­tiş­di­ril­ýä­n günebakaryň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy 1,4-2,5 metr bo­lup, bal­da­gy in­çe­dir. Onuň ýe­ke ýa-da köp ba­şy­nyň dia­met­ri 14-15 san­ti­metr, çi­gi­di maý­da­dan çi­şi­ri­len ýa­ly dy­kyz, uzyn­ly­gy 0,7-1,3 san­ti­metr, ini 0,4-0,7 san­ti­metr, ýag­ly­ly­gy 52-57 gö­te­rim­den pes bol­ma­ýar.
Ara­lyk gör­nü­şli günebakaryň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy, ýap­ra­gy­nyň gür­lü­gi, ba­şy­nyň ulu­ly­gy bi­rin­ji­niň­kä meň­zeş bol­ýar. Çi­gi­di­niň dy­kyz­ly­gy, ba­şy­nyň se­be­di­niň çi­git öý­jük­le­ri­niň do­lu­ly­gy go­wy bol­ýar. Çi­gi­di­niň iri­li­gi ýo­kar­ky iki­si­niň ara­ly­gyn­da dur­ýar. Gü­ne­ba­kar ýa­gy­nyň pag­ta ýa­gyn­dan ta­pa­wu­dy, ony ýak­ma­gyň ze­rur­ly­gy ýok. Se­bä­bi ýag ýa­ky­lan­da, on­da ýa­ra­maz öw­rü­li­şik­ler bo­lup geç­ýär. Ha­sam bir ge­zek­den köp ýak­mak­lyk howp­ly.
Gü­ne­ba­kar çi­gi­di­niň maň­zyn­da­ky do­ly doý­gun däl ýag­lar adam be­de­nin­de ho­les­trin ça­lyş­ma­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Gü­ne­ba­kar ýa­gyn­da olein kis­lo­ta­sy (40%), li­nol kis­lo­ta­sy (45%), pal­mi­tin, stea­rin, ara­hin kis­lo­ta­la­ry bar. Çi­gi­di­niň dü­zü­min­de baş­ga hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak, adam be­de­ni­ne ge­rek­li ami­no­kis­lo­ta­lar we ýag çal­şy­gy­na gat­naş­ýan me­tio­nin bar. Gü­ne­ba­kar çi­gi­din­dä­ki me­tio­ni­niň muk­da­ry ýa­ly köp me­tio­nin hiç bir ösüm­lik­de-de ýok­dur. 100 gram gü­ne­ba­kar çi­gi­din­de 390 mil­lig­ram me­tio­nin sak­lan­ýar. On­dan baş­ga-da 100 gram gü­ne­ba­kar çi­gi­din­de 311 mil­lig­ram mag­niý bar. Mag­niý bol­sa ada­myň ýü­rek-da­mar ulgamynyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni bel­li bir ter­tip­de sak­la­ýar. Gü­ne­ba­ka­ryň çi­gi­din­dä­ki E wi­ta­mi­ni ada­myň myş­sa­la­ry­ny kuw­wat­lan­dyr­ýar, ýa­daw­ly­gyny aýyr­ýar.

Öwez­mäm­met Oraz­mäm­me­dow,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my,
teh­ni­ki ylym­la­ryň kan­di­da­ty.