Hy­ta­ýyň we ABŞ-nyň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri Hy­taý­da­ky iň ga­dy­my to­ka­ýyň ýaşynyň 371 mil­li­on ýy­la deň­di­gi­ni gör­kez­ýän bi­le­lik­dä­ki bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. Hy­ta­ýyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Nan­jing geo­lo­gi­ýa we pa­le­on­to­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­so­ry Sýu Hun­he, iň ga­dy­my to­ka­ýyň Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Uý­gur aw­to­nom se­bi­ti­niň Ta­çen et­ra­byn­da ýer­le­şen­di­gi­ni aýt­dy.
– 2015-nji ýyl­da alym­lar Ta­çen­de dia­met­ri 70 san­ti­met­re deň bo­lan ösüm­li­giň ga­lyn­dy­sy­ny tap­dy­lar. Uzyn­ly­gy 4 metr­den gow­rak bu ösüm­li­k Hy­taý­da iň ga­dy­my to­ka­ýy eme­le ge­ti­ren has ir­ki agaç­la­ryň bi­ri­dir – di­ýip, Sýu Hun­he aýt­dy. Bu ge­zek onuň to­pa­ry ýü­ze çy­ka­ry­lan zat­la­ryň üs­tün­de has jik­me-jik geo­lo­gik göz­leg we izo­top- hro­no­lo­gik bar­lag ge­çir­di­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler il­kin­ji ge­zek Ta­çen to­ka­ýy­nyň ýa­şy­ny kes­git­le­di­ler. Ol 371 mil­li­on ýyl mun­dan ozal, daş kö­mür eý­ýa­myn­dan 10 mil­li­on ýyl ozal, ga­dy­my to­kaý­lar giň ge­rim­de peý­da bo­lan dö­wür­ler­de ýü­ze çy­kyp­dyr.
– Pa­leo­geo­lo­gik bar­lag­lar 300 mil­li­on ýyl mun­dan ozal, to­ka­ýyň ýer­leş­ýän ýe­ri­niň tro­pik ösüm­lik­ler bi­len ýy­ly we çyg­ly bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär, ýö­ne hä­zir bu ýer düý­bün­den baş­ga ýag­daý­da – di­ýip, Sýu aýt­dy. Bu bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri “Pa­laeo­ge­og­rap­hy, Pa­laeocli­ma­to­lo­gy, Pa­laeoecolo­gy” žur­na­lyn­da çap edil­di.