1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda 25 sany bilim ojagy açylar. Olaryň hatarynda, ýurduň dürli sebitlerindäki 10 sany çagalar bagy we 14 sany umumy bilim berýän mekdep, şeýle hem, täze okuw mekdebiniň şäherçesi – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bar.
Şu günler Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Türkmen paýtagtynda birnäçe häzirki zaman täze okuw mekdepleri açylyşa taýýar edildi. Parahat-7 etrapçasynyň maddy binýadynyň üstüni täze 114-nji çagalar bagy we 132-nji umumy bilim berýän orta mekdep ýetirer.
Şeýle hem, täze okuw ýylynda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda 1200 orunlyk täze mekdep açylar. Dört gatly bu binada multimediýa tehnologiýaly otaglar, bilim we çeper edebiýat gaznasyna baý kitaphana, birwagtda 400 adama hyzmat edýän naharhana, duş otaglary bilen birlikde iki sport zaly bar. Şeýle hem mekdebiň çäklerinde birnäçe sport meýdançalary ýerleşýär.
Lebap welaýatynda 2 sany täze häzirki zaman okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp, olaryň her biri 160 körpäni kabul eder. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Serdar etrabynda degişlilikde, 320 we 160 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralarynyň açylyş dabaralary geçiriler. 320 we 180 orunlyk iki çagalar bagy bolsa, ilkinji gezek özüniň gapylaryny Ahal welaýatynyň Baharly we Altyn asyr etraplarynyň körpeleri üçin giňden açar. Mary welaýatynda alty sany umumy bilim berýän orta mekdep we üç sany çagalar bagy açylar.
Ýurdumyzyň mugallymlaryna täze okuw ýylynda jogapkärçilikli işlerinde uly rowaçlyklar, okuwçylara we talyplara bolsa, bilim almakdaky ýeňil bolmadyk ýolda uly üstünlikler arzuw edýäris.