Or­ni­to­log­lar hem­ra ar­ka­ly Onon diýlip atlandyrylan ikat­ýo­gyň sy­ýa­ha­ty­ny yzar­la­dy­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ol Af­ri­ka­dan 12 müň ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky Mon­go­li­ýa­da hö­würt­ge­le­mek üçin uçup­dyr. Alym­lar mu­nuň “uzak sy­ýa­hat” bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar. Mon­gol der­ýa­sy­nyň ady­ dakylan Onon at­ly ikat­ýok, 20-nji mart­da Zam­bi­ýa­da­ky gyş­la­ýan ýe­rin­den uç­dy. Guş Hin­di um­ma­ny­ny sak­lan­man ke­sip ge­çip, 16 ýur­da aý­lan­dy. Ola­ryň ara­syn­da Ke­ni­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny we Bang­la­deş bar. Ikat­ýo­gyň or­ta­ça tiz­li­gi, sa­gat­da 60 ki­lo­met­re barabar boldy. Alym­lar ýe­ne-de bir gu­şa gö­zeg­çi­lik et­di­ler, ýö­ne ol hemra arkaly gözegçilik ediş ulgamyndan ýi­tip gi­dip­dir.
Dok­tor Kris Hýu­son hem­ra ar­ka­ly guş­la­ra gözegçilik etmek boýunça tas­la­ma­sy­nyň guş­la­ryň uzak ara­lyk­la­ra göç­me­gi ba­bat­da köp tä­sin­lik­le­riň üs­tü­ni açan­dy­gy­ny aýd­ýar.
– Guş­la­ryň şeý­le uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat edip, iý­mit­len­mek üçin, amat­ly şert­le­ri ta­pyp bil­me­gi köp­le­ri haý­ran gal­dyr­sa ge­rek. My­sal üçin, Hin­di um­ma­nyn­dan geç­mä­ge kö­mek et­jek ugur­daş ýe­li tap­mak üçin ni­rä uç­ma­ly­dy­gy­ny anyk bil­me­li – di­ýip, bi­ler­men aýt­dy.
Guş­la­ryň sy­ýa­ha­ty jemgyýetçilik torlarynda hem gö­zeg­çi­lik edil­di. Bir ula­ny­jy Ononyň başarjaňlygyna haýran galandygyny ýaz­dy. “Ki­çi­jik guş­ja­gaz bi­ziň oňarmaýan uçuş­la­ry­my­zyň ählisini ed­ýär!” di­ýip, ol duý­gu­la­ry­ny paý­la­şyp­dyr.