Luwr mu­ze­ýi açy­lar. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li 13-nji mart­da ýa­py­lan Pa­ri­žiň Luwr mu­ze­ýi­niň 6-njy iýul­da açyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Fran­si­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Eduar Fi­lipp mu­zeý­le­riň we se­ýil­gäh­le­riň açy­lyp baş­lan­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Mag­lu­mat­lar­da Luwr mu­ze­ýi­niň, Týuil­ri we Ka­rru­sel ba­gy­nyň hem-de Eže­na De­lak­rua mil­li mu­ze­ýi­niň açyl­ma­ga taý­ýar­lan­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Wi­za­ny ýe­ňil­leş­di­riş şert­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy bi­len wi­za düz­gün­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mek ba­ra­da­ky şert­na­ma­ny tas­syk­la­dy. Ol 1-nji iýul­da güý­je gi­rer. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň Brýus­sel­de çap edi­len be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar. Wi­za şert­na­ma­sy­na gys­ga möh­let­li sy­ýa­hat rug­sat­la­ry, ýag­ny is­len­dik 180 gün­lük möh­let­de 90 gü­ne çen­li ula­nyl­ýan wi­za de­giş­li­dir. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Be­la­ru­syň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ra­ýat­la­ry üçin wi­za 35 ýew­ro bo­lar. 12 ýa­şa çen­li ça­ga­lar, ma­ýyp­lar, okuw­çy­lar, ta­lyp­lar, ra­ýat jem­gy­ýe­ti gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri tö­leg tö­le­mek­den bo­şa­dy­lar.

Üç aý­lap eýe­si­ne ga­ra­şan it. Hy­ta­ýyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de bir it eýe­si­ne üç aýlap ga­raş­dy. Itiň eýe­si ýer­leş­di­ri­len has­sa­hana­syn­da bä­şin­ji gün ara­dan çyk­ýar. Few­ral aýy­nyň bä­şin­den bä­ri has­sa­ha­na­nyň ga­py­sy­nyň ag­zyn­da Ha­ti­ko at­ly ýe­di ýaş­ly it ýa­şa­ýar. Bu dö­wür­de has­sa­ha­na­nyň dükanynyň sa­ty­jy­sy we­pa­ly ite se­re­dip­dir. Ol bu ite Sýao Bao, ýag­ny “Ki­çi­jik ha­zy­na” di­ýip at go­ýup­dyr. Ol ze­nan bir­nä­çe sa­par iti öýü­ne hem äki­dip­dir, ýö­ne it ýe­ne-de has­sa­ha­na do­la­nyp ge­lip­dir. Şo­nuň üçin, ol bu ba­ra­da itşynaslara ha­bar be­rip­dir. Hä­zir­ki wagt­da Sýao Bao­ üçin tä­ze ho­ja­ýyn göz­le­ýär­ler.

Be­lent­li­gi gaý­ta­dan öl­çe­ner. Hy­taý al­pi­nist­le­ri­niň to­pa­ry dün­ýä­niň iň be­ýik dag de­pe­si bo­lan Ewe­res­te ýet­di­ler. Hy­ta­ýyň Mer­ke­zi te­le­ýaýlymynyň ha­ba­ry­na gö­rä, da­gyň be­ýik­li­gi­ni öl­çe­mek üçin 45 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek da­gyň de­pe­sin­de ýö­ri­te en­jam­la­ry oturt­dy­lar­. Ewe­res­tiň be­ýik­li­gi 8848 metr. Ýat­lap geç­sek, maý aýy­nyň ba­şyn­da Ewe­res­tiň de­mir­ga­zyk eň­ňi­din­de 5G-li üç sa­ny be­ket gu­rul­dy. Bu bol­sa iň ýo­ka­ry be­lent­li­gi öl­çe­mä­ge hem-de sy­ýa­hat­çy­la­ry ara­gat­na­şyk bi­len üp­jün et­mä­ge kö­mek eder.

Dün­ýä­niň iň gar­ry ada­my ara­dan çyk­dy. Dün­ýä­niň iň gar­ry ada­my Ro­bert Waý­ton 112 ýa­şyn­da Ang­li­ýa­da ara­dan çyk­dy. Waý­ton 1908-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň Hull şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär, ýö­ne öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ry­ny Al­ton­da ge­çir­ýär. Bu go­ja­nyň üç ça­ga­sy, 10 ag­ty­gy we 25 çow­lu­gy bar. Ol Taý­wan­da iň­lis di­li mu­gal­ly­my bo­lup iş­le­di we Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da Ka­na­da­da iş­le­ýär. Ap­rel aýy­nyň ba­şyn­da Ro­bert Waý­ton Ýe­riň iň gar­ry ada­my hök­mün­de yk­rar edi­lip­di. Ol şu ýy­lyň 23-nji few­ra­lyn­da 112 ýaş­ly ýa­po­ni­ýa­ly Ti­te­su Wa­ta­na­be ara­dan çy­kan­dan soň bu de­re­jä eýe bo­lup­dy.

BRIKS sam­mi­ti güý­ze süýşürildi.
– BRIKS-iň sam­mi­ti güýz­de ge­çi­ri­ler, en­tek ta­kyk se­ne­si ýok – di­ýip, Rus­si­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň BRIKS me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Mi­ha­il Ka­lu­gin aýt­dy. On­dan öň BRIKS-iň we ŞHG-niň sam­mit­le­ri 21-23-nji iýul ara­ly­gyn­da me­ýil­leş­di­ri­lip­di, ýö­ne dün­ýä­de eme­le ge­len çylşyrymly ýag­daý­lar se­bäp­li, yza süý­şür­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul edi­lip­di.
– Go­laý­da gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň BRIKS sam­mi­ti­ni we ŞHG-niň sam­mi­ti­ni yza süý­şür­mek ba­ra­da­ky ka­ra­ry­ny tas­syk­lan­dy­gy­ny ýat­lad­ýa­ryn. Bu BRIKS ýurt­la­ryn­da­ky ýag­daý­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Gel­jek bir-iki aýyň için­de anyk senesini kes­git­läp bi­le­ris di­ýip, umyt ed­ýä­rin – di­ýip, Ka­lu­gin aýt­dy.

Baş di­rek­to­r­ly­ga da­laş­gär. Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň hä­zir­ki baş mü­di­ri Ro­ber­tu Aze­we­du­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry aw­gust aýyn­da gu­tar­ýar we Ýew­ro­pa­nyň Söw­da bo­ýun­ça ko­mis­sa­ry ir­lan­di­ýa­ly Fil Ho­gan BSG-niň baş­lyk­ly­gy­na da­laş­gär­lik et­mek is­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Fil Ho­gan Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­syn­da ikin­ji möh­let­de iş­le­ýär – ol Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­syn­da 2014-nji ýyl­dan 2019-njy ýy­la çen­li oba ho­ja­ly­gy me­se­le­si bo­ýun­ça iş­le­di we hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­syn­da söw­da bo­ýun­ça ko­mis­sar­dyr. Ol BSG-niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­an ýag­daýyn­da, Ir­lan­di­ýa Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­na tä­ze da­laş­gär hö­dür­le­me­li bo­lar.

Sent­ýab­r aýyna süý­şü­ril­di. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp G7 to­pa­ry­nyň sam­mi­ti­ni iýun aýy­nyň ahy­ryn­dan sent­ýabr aýy­na çen­li yza süý­şür­di. Sam­mi­te Rus­si­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Awst­ra­li­ýa­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ni ça­gyr­mak hem me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mun­dan ozal ABŞ-nyň G7 sam­mi­ti­ni iýun aýy­nyň ahy­ryn­da ýüz­be-ýüz gör­nüş­de ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi ha­bar ber­lip­di. Do­nald Tramp du­şu­şy­gyň Ak tam­da bo­lup bil­jek­di­gi­ni aýt­dy. G7 – Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Ka­na­da, ABŞ, Fran­si­ýa we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň hal­ka­ra hö­kü­me­ta­ra yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­gi­dir. Oňa şu ýyl ABŞ baş­lyk­lyk ed­ýär.