Döredilenine iki asyrdan gowrak wagt bolan welosiped häzirki wagtda iň köp ulanylýan ulaglaryň biri hasaplanýar. Welosipediň önümçiligi 1960-njy ýyllarda awtoulaglaryňkydan ozdurdy. 2000-nji ýyllardan soňra bolsa, ýyllyk 100 milliondan geçdi. Daşky gurşaw üçin zyýansyzdygy, bedeniňi berkidýändigi sebäpli muşdagy barha artýan welosipediň uludan-kiçä dürli görnüşleri bar.
2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni esaslandyryldy. BMG-niň Baş Assambleýasy öz Rezolýusiýasy bilen Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işi makullady we goldady. Şeýlelikde, 3-nji iýun Ýer ýüzünde Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilýär. Bu güne bagyşlanyp täze welosiped ýodalary we duralgalary açylýar, dürli ýaşdaky, şol sanda ýaşlaryň we çagalaryň arasynda welosporty ösdürmäge degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem BMG agza ýurtlara welosipedçileriň ýol howpsuzlygyny üpjün etmäge, bu ugurda infrastrukturany has-da gowulandyrmaga çagyrýar. Welosiped sürmek diňe saglyk üçin peýdaly bolman, eýsem, iri şäherlerde ýol dyknyşygynyň we howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga goşant goşýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň we süýji keseliniň öňüni almaga ýardam edýär.
Germaniýanyň “Coya” şereketi Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Dünýäniň welosiped şäherleri” atly sanawy taýýarlady. Bu sanawa gündelik durmuşda has köp welosiped sürülýän şäherleriň atlary girizilipdir. Sanaw taýýarlananda, welosiped sürmek üçin döredilen şertler, howanyň ýagdaýy, welosiped sürýänleriň sany, welosipedçileriň howpsuzlygy we kireýine almak üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
Utreht. Sanawda Ýewropada Niderlandlar Patyşalygynyň Utreht şäheri birinji ýeri eýeleýär. Utrehtde şäher bilen adybir uniwersitet hem ýerleşýär. Şeýlelikde, şäher ilatynyň köp bölegini ýaşlar emele getirýär. Şäherde gatnawyň üçden biri welosiped arkaly amala aşyrylýar. Şol sebäpli bu ýerde giň welosiped ýollary gurlupdyr. Şeýle hem gelim-gidimli ýerleriň golaýynda welosipedleri goýmak üçin ýörite duralgalar göz öňünde tutulypdyr. Deňiz kenarynda ýerleşýän şäheriň güneşli we aram howasy bar. Bu hem açyk howada gezelenç etmegi halaýanlar üçin oňyn şert döredýär.
Münster. Germaniýanyň Münster şäheri ikinji ýeri alypdyr. Şäheriň ýaşaýjylarynyň uly bölegi esasy gatnaw serişdesi hökmünde welosipedden peýdalanýar. Şol sebäpli Münstere “Welosipedçileriň şäheri” hem diýilýär. Bu ýerde welosiped sürüjiler üçin giň infrastruktura döredilipdir. Şäherdäki ýokary okuw mekdeplerinde 55 müňden gowrak talyp bilim alýar. Şäher merkezindäki köl, seýilgähler we şäheri boýdan-başa kesip geçýän ylgaw we welosiped ýodasy welosiped sürüjiler üçin oňyn şert döredýär.
Antwerpen. Belgiýanyň port şäheri Antwerpen sanawda üçünji bolupdyr. Şäheriň islendik nokadynda welosipedleri kireýine berýän, ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen duralgalara duş gelmek bolýar. Bu ýerlerden welosipedleri sagatlyk, gündelik, hepdelik, aýlyk we ýyllyk möhletde kireýine alyp bolýar. Iki tigirli ulaglar ýarym sagada çenli tölegsiz hödürlenýär.
Kopengagen. Daniýanyň paýtagty Kopengagen dördünji bolupdyr.
Amsterdam. Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdam dünýäde iň köp welosiped sürülýän şäherleriň sanawynda hemişe öňdäki orunlary eýeleýär. Bu şäher ilkinji bäşligiň soňky basgançagyny eýeläpdir.
Malmö. Şwesiýanyň Malmö şäheri altynjy bolupdyr.
Şweýsariýanyň Bern şäheri, Germaniýanyň Bremen hem-de Gannower şäherleri degişlilikde, ilkinji onlugy jemläpdirler. Şeýle hem Fransiýanyň Strasburg we Bordo, Germaniýanyň Gamburg hem-de Leýpsig, Beýik Britaniýanyň Bristol şäherleri sanawyň ilkinji orunlaryna ýerleşipdirler.