Hünärmenler Ýer ýüzünde iň arassa howaly ýeri anykladylar. Täze geçirilen barlaglara görä, adamyň täsiriniň az ýeri bolan Antarktikanyň daş-töwereginiň howasynyň has arassadygy anyklandy. Soňky ýyllarda käbir ýurtlaryň alymlary Ýeriň Günorta polýusynyň töweregini Günorta ummany diýip hem hasap edýärler. Bu barlagy ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetiniň bilermenler topary geçiripdir. Geçirilen barlagyň netijeleri barada “Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynda ylmy makala çap edildi. Ylmy topara professor Soniýa Kreýdenweýs ýolbaşçylyk edipdir. Hünärmenler bu deňziň dürli ýerlerinden howanyň nusgalyklaryny toplapdyrlar. Bu nusgalyklar barlananda onuň düzüminde hapa bölejikleriniň örän azdygy ýüze çykarylypdyr.