Planetalaryň hersi başga reňkde. Asman jisimleriniň reňkinde olaryň ýüzüni we atmosferasyny emele getirýän maddalaryň täsiri uly bolýar. Güne iň ýakyn planeta bolan Merkuriý goýy çal reňkli. Munuň sebäbiniň ýüzündäki topragyň düzüminde demir we kremniý maddalarynyň bolmagydygy aýdylýar. Atmosferasynyň köp mukdary kömürturşy gazyndan emele gelen Wenerada kükürt kislotasynda emele gelen bulutlar bar. Şol sebäpli bu planeta narynç reňkli bolup görünýär. Gün ulgamynyň ikinji ýerde durýan planetasy Aýdan soňra iň ýagty asman jisimi hasaplanýar. Şol sebäpli Wenera Zöhre ýyldyzy hem diýilýär. Atmosferasy wodoroddan we geliden emele gelen Ýupiter narynç, goňur hem-de sary reňkli bolup görünýär. Köp mukdary gazdan emele gelen Ýupiter Gün ulgamynyň iň uly planetasy hasaplanýar. Saturnyň daşyny gurşap alýan ammiak gazy planetanyň solak gyzyl reňkli bolmagyna sebäp bolýar. Uran planetasynyň gök, ýaşyl reňkli bolmagynyň sebäbi atmosferasyndaky metan gazy hasaplanýar. Neptun ýiti gök reňkli bolup görünýär. Bu planeta Ýere has uzak bolansoň, onuň reňkiniň näme sebäpden beýledigi anyklanmady.
Jemşit JUMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby.