We­lo­si­ped sür­me­gi il­ki öw­re­nen wag­ty­ňyz ýa­dy­ňy­za düş­ýär­mi? Reň­ki­ni, nä­çe ti­gir­li­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­mi? Bel­ki, en­tä­gem şol we­lo­si­pe­di­ňiz bar­dyr? Eý­sem, güý­men­je, sport we gat­naw ýa­ly dür­li mak­sat­lar üçin ula­nyl­ýan we­lo­si­pe­di ki­miň, ha­çan oý­lap ta­pan­dy­gy­ny bil­ýä­ňiz­mi? Ge­liň, hä­zir hy­ýa­ly we­lo­si­pe­di­mi­ze mü­nüp, onuň ta­ry­hy­na ga­ýy­ba­na ge­ze­lenç ede­liň! Ta­ryh­da il­kin­ji we­lo­si­pe­diň ha­çan oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy ba­ra­da dür­li pi­kir­ler bar. Has dog­ru­sy, bu ulag dür­li öw­rü­li­şik­le­ri baş­dan ge­çi­ren­di­gi se­bäp­li, ola­ryň haý­sy­sy­ny we­lo­si­ped ha­sap et­me­li­di­gi ba­ra­da baş­ga­ça pi­kir­ler bar. Şeý­le-de bol­sa, il­kin­ji we­lo­si­pe­de meň­zeş ula­gy 1790-njy ýyl­lar­da fran­suz Komt de Siw­rak iş­läp taý­ýar­lap­dyr. Ol öz ula­gy­na “celerifere” di­ýip at be­rip­dir. Bu söz tiz­lik diý­me­gi aň­lad­ýar. Ga­ty tag­ta­dan ýa­sa­lan, pe­da­ly bol­ma­dyk ulag aýa­gy­ňy ýe­re bas­mak ar­ka­ly he­re­ket ed­ipdir. Hä­zir­ki­le­re has meň­zeş we­lo­si­pe­di 1817-nji ýyl­da ger­ma­ni­ýa­ly Ba­ron Karl fon Dre­z oý­lap tap­ýar. Ol öz ula­gy­na “La­uf­maschi­ne” (yl­gaw ma­şy­ny) ady­ny ber­ýär. Ag­ra­my 22 ki­log­ra­ma go­laý bo­lan ula­gyň de­mir­den ti­gir­le­ri we du­ru­zy­jy ul­ga­my bo­lup­dyr. Em­ma onuň hem pe­dal­la­rynyň ýok­lu­gy üçin sür­mek aň­sat bol­man­dyr. Şol dö­wür­ler­de bu ula­ga ony oý­lap ta­pa­nyň ady bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, “dre­zin” (“drai­si­ne”) di­ýip­dir­ler. Bu söz beý­le­ki dil­le­riň kö­pü­si­ne bi­raz üýt­gän gör­nüş­de ge­çip­dir. Soň­lu­gy bi­len de­mir ýo­luň üs­tün­de ýö­re­ýän pe­dal­ly ulag­lara hem drezin diýlip baş­lan­ýar.
1839-njy ýyl­da şot­lan­di­ýa­ly de­mir­çi Kirk­pat­rik Mak­mil­lan Dre­ziň ula­gy­na pe­dal oturd­ýar. Bu ula­gyň öňe-yza he­re­ket et­di­ril­ýän ýö­ne­keý pe­da­ly bo­lup­dyr. Şol se­bäp­li ony sür­mek ozal­ky­lar­dan has aň­sat bo­lup­dyr.
1850-nji ýyl­lar­da ula­gyň üs­tün­de de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak üçin üç we dört ti­gir­li dür­li ulag­lar peý­da bo­lup­dyr. 1866-njy ýyl­da fran­suz me­ha­ni­gi Pýer Lal­le­ment ABŞ-da pe­dal­ly we­lo­si­pe­diň pa­ten­ti­ni al­ýar. Pe­da­ly öň­ki ti­gri­ne ber­ki­di­len ula­ga “velocipe­de” diý­lip at be­ril­ýär.
1868-nji ýyl­da kau­çuk­dan ýa­sa­lan ti­g­riň peý­da bol­ma­gy we­lo­si­pe­diň has ra­hat bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. 1870-nji ýyl­da ang­li­ýa­ly Jeýms Star­li öň­ki ti­g­ri yz­ky­syn­dan ep-es­li uly bo­lan we­lo­si­pe­di iş­läp düz­ýär. 1880-nji ýyl­lar­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de ýel be­ril­ýän ti­gir­li we­lo­si­ped­ler peý­da bol­ýar. 1885-nji ýyl­da ang­li­ýa­ly Jon Kemp Star­li otur­gy­jy, zyn­jy­ry we pe­da­ly bo­lan, iki ti­g­ri hem deň we­lo­si­pe­di oý­lap tap­ýar. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş il­kin­ji we­lo­si­ped ha­sap­lan­ýan bu ulag de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­ma­gyň aň­sat­ly­gy üçin has ra­hat bol­ýar. Şeý­le hem bu ula­gy do­lan­dyr­mak, sa­ga-çe­pe öw­rüm et­mek hem aň­sat bol­updyr.
Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, dag­da, çöl­de, şä­her­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nen, şeý­le hem ýa­ryş­mak mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýan ýo­ka­ry tiz­lik­li dür­li gör­nüş­li we­lo­si­ped­ler ula­nyl­ýar.
Daşky gur­şa­wa zy­ýa­ny­nyň ýok­du­gy, sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy, hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy bu ula­ga bo­lan is­le­gi art­dyr­ýar. We­lo­si­ped üçin ýö­ri­te ýo­da­la­ryň we du­ral­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy bu ula­gyň has hem ýaý­baň­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şeý­le hem pe­da­ly­ny aý­la­maz­dan sü­rüp bol­ýan, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we­lo­si­ped­ler hem bar.