Nätanyş
Görnükli alym we kompozitor Borodin pikiri dagynyk, ünssüz adam eken. Bir sapar ol daşary ýurda gidende, gözegçilik nokadyndaky pasport barlagy wagtynda işgärleriň biri ondan aýalynyň adyny soraýar. Borodin şol wagt öz pikirleri bilen gümra eken we birbada soraga düşünmändir. Işgär oňa şübheli garap:
– Eýsem, siz öz aýalyňyzyň adyny hem bileňizokmy? – diýip, ýüzüne çiňerilipdir.
Şol wagt Ýekaterina Sergeýewna paýtundan çykypdyr. Aýalyny gören Borodin begenip:
– Katýa! Haýyş edýärin, aýtsana, seniň adyň näme? – diýip sorapdyr.
Nädip simfoniýa ýazmaly?
Ýetginjekleriň biri Mosartdan: – Simfoniýany nädip ýazmaly? – diýip, sorapdyr.
– Sen, heniz gaty ýaş. Bolmasa, balladadan başlaý! – diýip, Mosart aýdypdyr.
– Seniň özüň entek 10 ýaşamakaň simfoniýadan başlapsyň ahyryn! – diýip, ýetginjek dillenipdir.
– Hawa, ol aýdýanyň-a dogry, ýöne men ony nädip ýazmalydygyny hiç kimden soramandym – diýip, Mosart jogap beripdir.
Wagner we terjimeçi
Londonda geçiriljek konserte taýynlyk görülýän wagtynda Wagner surnaýçylardan gaty nägile bolup gygyrýar:
– Şu küteklere aýtsana, adam şekilli çalmajak bolsalar, men olary häzir kowýan!
Wagneri ünsli diňlän sazanda terjimeçi, onuň sözlerini şeýle terjime edipdir:
– Jenaplar! Maestro öz sazynyň sizde döredýän kynçylyklaryna doly düşünýär. Ol siziň eliňizde baryny etmegiňizi we hiç hili tolgunmazlygyňyzy haýyş edýär.
Paganininiň tölegi
Bir gün konsertden gijä galan Nikkolo Paganini paýtunçyny saklap, şeýle diýýär:
– Teatra çenli äkitseň, näçeräk dagy borka?
Paýtunçy: – On frank – diýip, jogap berýär.
– Siz näme oýun edýäňizmi! – diýip, Paganini geň galýar. Sebäbi, paýtunçy bolmalysyndan on esse köp pul soran eken.
– Ýok, bu oýun däl, gardaş! Siziň özüňiz-ä ýeke tarda çalýan sazyňyz üçin gelenleriň her birine on frankdan bärde petek sataňzok.
– Bolýa, eger-de meni bir teker bilen teatra çenli alyp gitseň, menem saňa şo diýýän 10 frankyňy töläýin – diýip, Paganini jogap berýär.
Şubertiň sazy
Awstriýaly kompozitor Frans Şubert juda köp saz ýazypdyr welin, käwagt öz ýazan sazlaryny hem unudýan eken. Bir gezek sazandalaryň biri onuň sazyny ýerine ýetiripdir. Saz çalnyp bolandan soň, kompozitordan häzirki diňlän sazyna baha bermegini sorapdyrlar. Ol:
– Öz-ä gulaga ýakymly saz. Eýsem, onuň awtory kim-kä? – diýipdir.
Edward Grigiň konserti
Edward Grigiň Oslo şäherinde beren uly konsertiniň maksatnamasy öz eserleri esasynda düzülipdir. Ýöne Grig iň soňky minutlarda garaşylmazdan maksatnamanyň iň soňky sanyny Bethoweniň pýesasy bilen çalşypdyr. Ertesi gün synçylaryň biriniň Grigiň sazlaryna sabyr edip bilmänligi barada ýazan makalasy gazete çykypdyr. Ol aýratyn-da konsertiň ahyrky bölümine çynlakaý çemeleşip, “Bu eseriň gülküňi tutdurýandygyny we düýpgöter göwnejaý däldigini” belläpdir.
Şondan soň Edward Grig oňa jaň edip, şeýle diýipdir: – Sizi Bethoweniň ruhy bimaza edýär. Grigiň konsertinde ýerine ýetirilen iň soňky eseri meniň düzendigimi siziň dykgatyňyza ýetirýärin!
Şondan soň, ýaňky synçy oňaýsyz ýagdaýa düşüp, kellesini tutup oturyberipdir.
Stradiwariniň skripkasy
Bir gezek konsert gutarandan soň, Paganininiň muşdaklarynyň biri onuň ýanyna baryp şeýle diýipdir:
– Maestro, men hemişe siziň ýanyňyzda bolmak üçin buýran işiňiziň ählisini etmäge taýýar! – diýipdir.
– Beýle bolsa, siziň Stradiwariniň skripkasy bolmagyňyz gerek – diýip, Paganini jogap beripdir.
Toplan Gülzada Çaryýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite
sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy.