1-nji iýun
1952 – Türkiýeli futbolçy, ozalky derwezeçi, häzirki meşhur tälimçi Şenol Güneş dünýä inýär.
1963 – Türkiýäniň “Bursaspor” futbol topary esaslandyrylýar.
1982 – Belgiýaly tennisçi zenan, “Uly tuwulgalarda” 7 gezek çempionlyk gazanan Žýustin Enin-Arden dünýä inýär.
1984 – Mongoliýaly dzýudoçy Olimpiýa oýunlarynda altyn medal alan ilkinji mongol türgeni Naidandiin Tuwşinbaýar dünýä inýär.
1988 – Meksikaly futbolçy Hawier Hernandes dünýä inýär.
2019 – Madridde oýnalan UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda “Liwerpul” topary “Tottenhemi” Mohamed Salah we Diwok Orijiniň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňip, 6-njy gezek kubogy eýeleýär.
2019 – Ispaniýaly futbolçy Hoze Antonio Reýes 35 ýaşynyň içinde ulag heläkçiliginde aradan çykýar.
2-nji iýun
1900 – Germaniýanyň “Kaiserslautern” futbol topary esaslandyrylýar.
1904 – Amerikaly ýüzüji, Olimpiýa oýunlarynda 5 çempionlyk gazanan türgen, “Tarzan” filmindäki keşbi bilen adygan Jonni Weissmuller dünýä inýär.
1971 – Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Aýaks” grek topary “Panatinaikosy” Dirk Wan Deýk hem-de Arend Haanyň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňýär.
1980 – Amerikaly futbolçy zenan Abbi Wambah dünýä inýär.
1981 – Russiýaly tennisçi Nikolaý Dawydenko dünýä inýär.
1988 – Argentinaly futbolçy Serhio Aguero dünýä inýär.
3-nji iýun
1892 – Angliýanyň “Liwerpul” futbol topary esaslandyrylýar.
1950 – Fransiýanyň “Olimpik Lion” futbol topary esaslandyrylýar.
1951 – Tennis boýunça geçirilen 50-nji “Fransiýa Açyk” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda Ýaroslaw Drobni, zenanlardan Şirli Fraý ýeňiji bolýar.
1959 – Ştutgartda oýnalana Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Real Madrid” topary “Stad de Reýmsi” 2–0 ýeňip, bassyr 4-nji çempionlygyny eýeleýär.
1971 – Italiýaly futbolçy hem-de tälimçi Luiji Di Biajo dünýä inýär.
1974 – Ukrainaly futbolçy hem-de tälimçi Sergeý Rebrow dünýä inýär.
1982 – Russiýaly ýeňil atletikaçy, syrykly bökmekde 30-a golaý rekordyň eýesi, Olimpiýa oýunlarynda 2 gezek altyn medal alan Ýelena Isinbaýewa dünýä inýär.
1985 – Polşaly futbolçy Lukas Pişžek dünýä inýär.
1986 – Ispaniýaly tennisçi, Olimpiýa çempiony, 19 “Uly tuwulganyň” eýesi Rafael Nadal dünýä inýär.
1992 – Germaniýaly futbolçy Mario Gýotse dünýä inýär.
2016 – Boksuň ägirdi, agyr agramyň çempiony, amerikaly boksçy Muhammad Ali 74 ýaşynda aradan çykýar.
2017 – Kardiffde oýnalan UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda “Real Madrid” topary “Ýuwentusy” Ronaldonyň (2), Kasemironyň hem-de Asensionyň gollary bilen 4–1 ýeňip, 12-nji gezek çempion diýen ady eýeleýär.
4-nji iýun
1983 – Kot-d’Iwuarly futbolçy Emmanuel Eboýe dünýä inýär.
1985 – Germaniýaly futbolçy, asly polýak Lukas Podolski dünýä inýär.
1991 – Italiýaly futbolçy Lorenzo Insinýe dünýä inýär.
2011 – Tennis boýunça “Fransiýa Açyk” bäsleşiginde zenanlaryň arasynda Na Li çempion bolýar. Ol “Uly tuwulgada” çempionlyk gazanan ilkinji hytaýly tennisçi bolýar.
5-nji iýun
1967 – ABŞ-nyň “Los Anjeles Kings” hokkeý topary esaslandyrylýar.
2005 – Tennis boýunça Fransiýa Açyk ýaryşynyň finalynda ispaniýaly Rafael Nadal argentinaly Mariano Puertony 3:1 ýeňýär. Bu onuň Fransiýa Açykdaky ilkinji çempionlygy bolýar.
6-njy iýun
1894 – Germaniýanyň “Karlsrue” futbol topary esaslandyrylýar.
1933 – Portugaliýanyň “Tondela” futbol topary esaslandyrylýar.
1946 – ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Amerikanyň Milli Basketbol Ligasy, ýagny NBA esaslandyrylýar.
1946 – ABŞ-nyň “Boston Seltiks” basketbol kluby esaslandyrylýar.
1956 – Şwesiýaly tennisçi, 11 “Uly tuwulganyň” eýesi Býorn Borg dünýä inýär.
1969 – Argentinaly futbolçy Fernando Redondo dünýä inýär.
2015 – Berlinde oýnalan UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda “Barselona” topary “Ýuwentusy” Rakitiç, Suares we Neýmaryň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňýär.
2018 – Russiýanyň “Soçi” futbol topary esaslandyrylýar.
7-nji iýun
1927 – Italiýanyň paýtagty Rimiň “Roma” futbol topary esaslandyrylýar.
1947 – Rumyniýanyň paýtagty Buharestiň ozalky ady “Stýaua”, häzirki ady “FCSB” futbol topary esaslandyrylýar.
1970 – Braziliýaly meşhur futbolçy Kafu dünýä inýär.
1974 – ABŞ-nyň “Ýuta Jazz” basketbol kluby esaslandyrylýar.
1975 – Amerikaly basketbolçy Allen Aýwerson dünýä inýär.
1981 – Russiýaly meşhur tennisçi Anna Kurnikowa dünýä inýär.
2009 – Tennis boýunça “Fransiýa Açykda” erkekleriň arasynda şweýsariýaly Rojer Federer ýeňiş gazanýar. Bu onuň “Fransiýa Açykdaky” ýeke-täk çempionlygydyr.