Soň­ky ýyl­lar­da öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ýa-da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan ki­çi göw­rüm­li uç­ýan en­jam­lar dür­li mak­sat­lar bi­len ula­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu en­jam­lar has hem kä­mil­leş­di­ri­lip, ýo­lag­çy gat­nad­ýan gör­nüş­le­ri iş­le­nip dü­zül­ýär. Hy­taý­da “eHang 216” at­ly iki orun­lyk tä­ze dron ta­nyş­dy­ryl­dy. Ýur­duň Guanç­žuou şä­he­rin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­len ula­gyň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nan­dy­gy we oňa is­le­giň ýo­ka­ry­dy­gy ha­bar be­ril­di. Ge­çen ýyl­lar­da bu ulag bir­nä­çe sy­nag­dan ge­çi­ri­lip­di. Sa­gat­da 130 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän ulag 4G we 5G ara­bag­la­ny­şy­gy bi­len üp­jün edi­lip­dir. Ön­dü­ri­ji şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry “eHang 216”-nyň ýük gö­te­ri­ji­li­gi­niň 220 ki­log­ram­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň äh­li bar­lag­lar­dan ge­çi­ri­len­di­gi mä­lim edil­di.