Hä­zir­ki dö­wür­de se­bit­le­riň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dü­ril­me­gi mil­li Liderimiziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Döwlet Baştutanymyz we­la­ýat­lar­da yzy­gi­der­li iş sa­par­la­ryn­da bol­mak bi­len, ýer­ler­de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, oba ýer­le­rin­de ze­rur bo­lan äh­li döw­re­bap dü­züm­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni göz­den ge­çir­ýär. Şu ge­zek­ki sa­par­lar hem mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz il­ki bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Milli Liderimiz ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň “Wa­tan” daý­han bir­le­şi­gi­niň ekin meý­dan­la­ry­ny syn­la­dy. Bu ýer­de kä­ren­de­çi Ber­di­my­rat Narmäm­me­do­wyň ekin meý­da­ny­nyň çä­gin­de sak­lan­dy. Gal­la­çy­nyň gür­rüň ber­şi ýa­ly, ol maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len umu­my meý­da­ny 20 gek­tar bo­lan ýer­den bol bug­daý ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär. Kärendeçi döw­let ta­ra­pyn­dan oba zäh­met­keş­le­ri­ne yzy­gi­der­li kö­mek-gol­daw­la­ryň be­ril­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, iş­le­mek üçin dö­re­di­len oňyn şert­ler ne­ti­je­sin­de öz kä­ren­de ýe­ri­niň her gek­ta­ryn­dan 40-45 sent­ner ha­sy­la ga­raş­ýan­dy­gy­ny uly gu­wanç bi­len ha­bar ber­di.
Kä­ren­de­çi­niň gür­rüň ber­me­gi­ne gö­rä, onuň ata-ba­ba­la­ry hem eke­ran­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp­dyr­lar. Onuň ka­ka­sy­nyň hem 1 gek­tar saý­la­ma to­hum­ly erik eki­len kä­ren­de ýe­ri bar. Ola­ryň ho­ja­ly­gyn­da iri we ow­nuk şah­ly mal­lar hem sak­lan­ýar. Bu bol­sa süýt-ga­tyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ene top­ra­ga tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ni we yh­la­sy­ny siň­dir­ýän yn­sa­nyň döw­let tap­ýan­dy­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­le­ti­miz mun­dan beý­läk hem daý­han­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, ola­ryň dur­muş üp­jün­çi­li­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­re­der di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ra erk ed­ýän me­ha­ni­za­tor­lar bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny ýyg­na­ma­ga gi­riş­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len gal­la ora­gy­nyň bar­şy, hu­su­san-da, “CLAAS” we “John Dee­re” ky­sym­ly kom­baýn­la­ryň işi bi­len ta­nyş­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ula­nyl­ýan teh­ni­ka­la­ryň daý­han­lar üçin uly kö­mek­di­gi­ni hem-de ola­ryň zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz hem­me­le­re, şol san­da kä­ren­de­çi­le­re asyl­ly zäh­me­ti­niň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di we kä­ren­de­çä gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şur­dy. Döw­let Baştutanymyz ýyg­na­nan­lar bi­len hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy we gök-bak­ja ekin­le­ri­ni, ýe­ral­many ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýan “Te­bi­gy ekin” daý­han ho­ja­ly­gy­nyň kä­ren­de ýer­le­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz daý­han ho­ja­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­sy, ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy Rüs­tem Bä­şi­mow bi­len gür­rüň­deş bo­lup, bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, kä­ren­de ýer­le­ri, ýe­ral­ma­nyň gör­nü­şi hem-de onuň ha­syl­ly­lyk de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy.
Te­le­ke­çi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy “Te­bi­gy eki­niň” işi bi­len ta­nyş­dy­ryp, şu ýy­lyň few­ral aýyn­da 370 gek­tar ýe­re ýe­ral­ma­nyň “Ga­la” gör­nü­şi­ni eken­dik­le­ri­ni, onuň her gek­ta­ryn­dan 200 sent­ne­re go­laý ha­sy­la ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny gür­rüň ber­di. R. Bä­şi­mo­wyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ti­mi­ziň ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek ba­bat­da uly gol­daw ber­ýän­di­gi ne­ti­je­sin­de, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gin­de ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa önüm bol­çu­ly­gy­nyň, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de daý­han ho­ja­ly­gyn­da 200-den gow­rak adam zäh­met çek­ýär.
Daý­han ho­ja­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­sy ýe­ral­ma­nyň bu gör­nü­şi­niň şu se­bi­tiň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni, onuň ha­syl­ly­ly­gy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gür­rüň ber­di. Şeý­le hem ol ha­syl ýyg­naý­jy teh­ni­ka­la­ryň mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len Ger­ma­ni­ýa­dan al­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Bu ýer­de du­ran ýe­riň­de ga­byň ýe­ral­ma­dan dol­ma­gy ha­syl­ly­ly­gyň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň, oňa daý­han yh­la­sy­nyň siň­di­ri­len­di­gi­niň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we daý­han­la­ra Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz kä­ren­de­çi­ni ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly bi­len gut­lap, oňa gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şur­dy we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
* * *
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz Ma­ry we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bo­lup, we­la­ýa­ty dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýer­ler­de dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len ta­nyş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň “Türk­me­nis­tan” daý­han bir­le­şi­gi­niň ekin meý­dan­la­ry­na gel­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aw­tou­la­gy Aman­ber­di Pür­sä­he­do­wyň kä­ren­de ýe­ri­niň ýa­nyn­da sak­lan­dy. A. Pür­sä­he­dow mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň kä­ren­de ýe­ri­ne ge­lip, alyp bar­ýan işi bi­len gy­zyk­lan­ma­gy­nyň özi hem-de tu­tuş maş­ga­la ag­za­la­ry üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy.
Bu ýer­de gal­la­çy daý­han 25 gek­tar ýe­ri kä­ren­dä alyp, oňa bug­da­ýyň “Go­şant” at­ly gör­nü­şi­ni ekip, ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­di­gi­ni ha­bar ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kä­ren­de­çi­niň işi, oňa döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän kö­mek-gol­daw­la­ryň ne­ti­je­le­ri, daý­ha­nyň al­ýan gir­de­ji­si, onuň maş­ga­la dur­mu­şy bi­len gy­zyk­lan­dy. Kä­ren­de­çi ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ön­dür­mek we ýer eýe­le­ri­niň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin ýe­ňil­lik­li şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ne mil­li Li­de­ri­mi­zi ynan­dyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, A. Pür­sä­he­dow şu ýyl bug­da­ýyň her gek­ta­ryn­dan 40 sent­ner­den gowrak ha­sy­la ga­raş­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Ar­ka­dag Prezidentimiz­den ora­ga ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bir­kem­siz ha­syl top­lan bug­da­ýyň bir des­se­si­ni or­dy. Soň­ra hem­me­ler Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, el­le­ri­ne orak alyp, bug­daý or­du­lar. Şeý­le­lik bi­len, ýyl­bo­ýy yh­las siň­di­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len we hal­ky­my­zyň rys­ga­ly ha­sap­la­nyl­ýan bug­da­ýyň ora­gy­na gi­ri­şil­di.
Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly “CLA­AS” hem-de “John Dee­re” ky­sym­ly teh­ni­ka­la­ry­ny do­lan­dyr­ýan me­ha­ni­za­tor­lar bug­da­ýyň şu ýyl­ky be­re­ket­li ha­sy­ly­nyň ora­gy­na baş­la­dy­lar. Ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li kä­mil kom­baýn­lar sä­hel sa­lym­da uly meý­da­nyň ha­sy­ly­ny ýyg­na­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sy­ly ýyg­na­lan meý­dan­la­ry syn­la­dy.
Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem­me­le­re öz asyl­ly zäh­me­ti­niň mi­we­si­ni gör­me­gi ar­zuw et­di hem-de özü­niň gym­mat ba­ha­ly sow­ga­dy­ny gow­şur­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz kä­ren­de­çi­le­riň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, be­re­ket­li ha­syl al­ma­gy üçin mun­dan beý­läk-de hem­me şert­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ni nyg­tap, gal­la­çy­la­ra iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, Oguz­han et­ra­by­na ta­rap ug­ra­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu et­ra­byň çä­gin­de al­ma ba­gy­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän “Er­kin gur­lu­şyk” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň eke­ran­çy­lyk meý­da­ny­na gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy bu hu­su­sy kär­ha­na­nyň ýol­baş­çy­sy, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy Toý­ly Ça­ry­ýew mä­hir­li gar­şy­la­ýar. T. Ça­ry­ýew öz kär­ha­na­sy­nyň işi ba­ra­da gür­rüň be­rip, 640 gek­tar ýe­riň mal­dar­çy­lyk üçin ula­nyl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şo­nuň 630 gek­ta­ryn­da ot-iým­lik ekin­ler ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ril­ýär, 10 gek­ta­ry bol­sa mal­dar­çy­lyk top­lu­my üçin ni­ýet­le­nen­dir. Ol ýer­de hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şyk iş­le­ri do­wam ed­ýär. Çün­ki hu­su­sy kär­ha­na Ta­ta­rys­tan­dan ge­ti­ri­len hem-de ýer­li ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­la­şan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li 300-e go­laý iri şah­ly mal­la­ry sak­la­ýar. Kä­ren­de­çi ýy­lyň ahy­ry­na çen­li mal­la­ryň baş sa­ny­ny 750-ä çen­li ýe­tir­jek­di­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ynan­dyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, ýe­ne 300 gek­tar meý­dan­da üzüm­çi­lik, mi­we­li bag­lar ýa­ýy­lyp gid­ýär hem-de gök-bak­ja ekin­le­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Şol önüm­ler mil­li Li­de­ri­mi­ze gör­ke­zil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mi­we­li bag­la­ry göz­den ge­çir­me­gi­niň bar­şyn­da te­le­ke­çi bu ýer­de esa­san bag­çy­ly­ga, hu­su­san-da, al­ma ýe­tiş­di­ril­me­gi­ne üns be­ril­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di, 3 ýyl mun­dan ozal eki­len bag na­hal­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de ha­syl be­rip baş­la­dy di­ýip, T. Ça­ry­ýew aýt­dy.
Şeý­le hem kär­ha­na­nyň ýol­baş­çy­sy döw­let Baştuta­ny­my­za bu ýer­le­riň ozal şor­la­şyp ýa­tan ýer­ler­di­gi­ni, ony do­ly öz­leş­di­rip, ta­ba ge­ti­ren­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di. 2017-nji ýyl­da bol­sa bag­çy­ly­gyň düý­bü­ni tu­tan­dyk­la­ry­ny, şol ýy­lyň güý­zün­de ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­tyn­da özü­ne çy­kyş et­mek bag­ty­nyň mi­ýes­ser eden­di­gi­ni gu­wanç bi­len gür­rüň ber­di. Şol çy­ky­şyn­da ol mi­we­çi­li­giň düý­bü­ni tu­tan­dy­gy­ny we mi­wä­niň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mä­ge söz be­ren­di­gi­ni aý­dyp, şol aý­dan sö­zü­niň hä­zir­ki dö­wür­de ha­syl bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ir-iý­miş­le­riň, aý­ra­tyn-da, al­ma­nyň yn­san sag­ly­gy üçin bäh­bit­li­di­gi­ni bel­le­di. Al­ma­nyň dü­zü­mi­niň ça­ga­la­ryň ir­ki ösü­şi, ene­le­riň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň ber­ki­dil­me­gi üçin ze­rur bo­lan ýo­kum­ly se­riş­de­le­re baý­dy­gy­ny aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, ga­dy­my dö­wür­ler­de hem pe­der­le­ri­mi­ziň gök eke­ran­çy­ly­gy, mi­we­çi­li­gi ös­dür­me­giň oňyn däp­le­ri­ni dö­re­den­di­gi­ni, umu­man, ha­lal zäh­me­tiň eş­ret­li dur­mu­şyň sa­ka­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. T. Ça­ry­ýew hä­zir­ki dö­wür­de kär­ha­na­syn­da 55 ada­myň iş­le­ýän­di­gi­ni, gel­jek­de önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dy­ryp, iş­gär­le­riň sa­ny­ny 150-ä ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz kä­ren­de­çä kes­bin­den ke­mal tap­ma­gy­ny ar­zuw et­di hem-de oňa gym­mat ba­ha­ly sow­ga­dy­ny gow­şur­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz iş sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iri möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň adam­la­ryň dur­mu­şy­nyň ýo­ka­ry öl­çeg­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni, mu­nuň bol­sa şo­la­ry ama­la aşyr­ma­ga örän oý­la­ny­şyk­ly, top­lum­la­ýyn çe­me­le­şil­me­gi ta­lap ed­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek nyg­ta­dy.