11-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Sebit we tutuş dünýä üçin COVID-19 pandemiýasynyň täsiri hem-de ony aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ählumumy howplara, hususan-da, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmekde syýasy-diplomatik gurallary ulanmak babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline taýýarlygyny üpjün etmek baradaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri barada pikir alşyp, bu ugurda görülýän tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de BMGÖM bilen degişli hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdylar.
Taraplar saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn nygtadylar we BMG-niň Ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garadylar.
* * *
11-nji iýunda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, halkara guramalaryň ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýeti, söwdany, nebitgaz ulgamyny, telekommunikasiýalary, saglygy goraýşy, ylmy we bilimi, medeniýeti ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler.
Diplomatlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem-de onuň ägirt uly kuwwatyna taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň aýratyn wajypdygyny nygtadylar, şeýle hem ýakyn geljekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerine degip geçip, koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy durmaga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň dünýä möçberinde COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreşmekde ylmy diplomatiýanyň gurallaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmak baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti we derwaýyslygy nygtaldy.
* * *
11-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň hem-de wekilleriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler, parahatçylyk gurujylyk we parahatçylyk döredijilik amallary meseleleri boýunça kömekçisiniň, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň, ÝHHG-niň Dawalaryň öňüniň alynmagy boýunça merkeziniň direktorynyň, şeýle hem halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi.
Bellenilişi ýaly, sebit gatnaşyklarynyň şeýle görnüşi özüni sebit hem-de ählumumy derejelerinde bilelikdäki işiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde görkezdi.
Çykyşlarda Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany amala aşyrýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda goňşy döwleti dikeltmek we onuň durmuş-ykdysady düzümini gaýtadan dikeltmäge ýardam bermek boýunça halkara tagallalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygy nygtaldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň çökgünlikden soňky döwür üçin garaýyşlarynyň syny duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Şeýle hem BMG-niň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki ýöriteleşdirilen düzümleriň sebit tagallalaryndaky orny baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
* * *
10-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiren wideoduşuşygyna gatnaşdylar.
Assambleýanyň başlygy Georgiý Sereteli we ÝHHG-niň bu wekilçilikli düzüminiň Baş sekretary Roberto Montella parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan öz kärdeşlerine ýakyn wagtlarda guraljak çäreler barada habar berdiler.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, ÝHHG-niň ýokary derejeli forumlarynda eden resmi çykyşlarynda beýan edilen Türkmenistanyň halkara durmuşynyň giň meseleleri boýunça taglymatlaýyn çemeleşmeleri ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga açykdygyny görkezýär.
Parlamentariler COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ählumumy ykdysadyýeti dikeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň meselelerine garadylar. ÝHHG-niň Sekretariatynyň we institutlarynyň, bu düzümiň ýerlerdäki wekilleri öz teswirnamalaryny beýan etdiler.
* * *
Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty bilen baglylykda parlamentariler üçin niýetlenen maslahatlar tapgyrynyň çäklerinde wideoduşuşyga hem gatnaşdylar. Şol maslahatlar COVID-19-a garşy durmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanýar.
Ählumumy onlaýn maslahaty tutuş dünýäden halkara bilermenleri hem-de parlamentarileri çekmek arkaly BMG-niň Parlamentara birleşigi hem-de durnukly ösüş ulgamynda meseleleri çözmek baradaky ulgam tarapyndan “Parlamentariler ählumumy maksatlara ýetmek ugrunda” atly täze başlangyç bilen bilelikde geçirilýär.
Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar koronawirusa garşy göreşmegiň öňdebaryjy usullaryny, şol sanda milli Liderimiziň onuň netijelerini aradan aýyrmagyň hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, dünýä ykdysadyýetini dikeltmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
* * *
10-njy iýunda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň Fransiýa Respublikasynyň “Medef International” telekeçiler assosiasiýasynyň baş sekretary hanym Žeraldin Lemble we bu guramanyň agzalary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy.
“Medef Internationalyň” ýolbaşçysy iri fransuz kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň işewürligini ösdürmäge berýän ägirt uly goldawyny nazarda tutup, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni we netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde bilelikdäki türkmen-fransuz işewürler maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garaldy we umumy bähbitlere laýyklykda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.