Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän “Sarahs-Sarahs” gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Ýakyn goňşy hem-de öňden gelýän hyzmatdaş hökmünde Eýran Yslam Respublikasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiziň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek.
Bu waka goňşy halklaryň köpasyrlyk hyzmatdaşlygyna hem-de medeni-ruhy umumylygyna esaslanýan gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir ähmiýetli sahypadyr. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyz özara bähbitler bilen birlikde, durnukly ösüş, tutuş sebitiň abadançylygy we rowaçlygy ugrundaky maksatlara kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandyklaryny görkezýärler.
Serhetdäki derýanyň iki tarapynda hem baýramçylyk ýagdaýy dabaralanyp, aýdym-sazlar ýaňlanýar, döredijilik toparlary çykyş edýärler. Dabara gatnaşýan adamlaryň hatarynda köp sanly ýerli ýaşaýjylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar bar.
Täze köpriniň umumy uzynlygy 96 metre, ini 15,1 metre barabardyr. Desga inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülerine kybap gelýär hem-de agram, ýük göterijilik, awtoulaglaryň hereketiniň tizligi göz öňünde tutulyp bina edildi. Gurluşykda seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki tehniki häsiýetnamalary üpjün edýän ýokary berkligi bolan gurnamalar peýdalanyldy.
Mundan başga-da, bu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen-Sarahs, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň üstünden geçip, daşary ýurtlardan gelýän uly ýük göteriji iri ulaglar üçin awtomobil ýoly gurnaldy.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Onuň Aşgabat-Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär. Bu awtomobil ýoly ýurdumyzyň iň iri ulag taslamalarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy üstaşyr geçýän awtomobil üstaşyr ýük akymlaryna Aziýa-Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtoýollaryň giň ýaýrawly ulgamyna tiz çykmaga mümkinçilik berer.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda toý bagy kesildi we köpriniň üstünden ikitaraplaýyn ulag hereketi açyldy. Sarahs şäherinden, takmynan, 15 kilometrlikde, Eýranyň demirgazyk-gündogarynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen bir wagtda işläp başlan “Sarahs” aýratyn ykdysady zolagynyň ýerleşýändigini ýatlamak gerek. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagynyň döwletleriniň, Türkiýäniň we beýlekileriň iri söwda bazarlaryna birleşdirmek üçin köpri bolup durýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde koronawirus keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, geçirilen arassaçylyk-öňüni alyş çärelerine laýyklykda, ýükleriň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda düýpli zyýansyzlandyrylyp ýurdumyzyň awtomobillerine ýüklenýändigini, soňra bolsa harytlaryň döwlet serhedine çenli ýetirilip, daşary ýurtly ýük alyjylara tabşyrylýandygyny bellemek gerek.
* * *
Şol gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Ahal welaýatynyň häkiminiň hem-de Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşygy ministri, Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi.
Soňky ýyllarda birnäçe bilelikdäki iri ulag-üstaşyr taslamalarynyň amala aşyrylandygy, şol sanda Türkmenistan bilen Eýrany birleşdirýän halkara ýollarynyň çekilip, olaryň sebit geçelgeler ulgamynyň möhüm bölegine öwrülendigi nygtaldy.
Şeýle hem ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistika düzümlerini netijeli peýdalanmak hem-de dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy hasaba almak bilen, türkmen-eýran gözegçilik-geçiriş nokatlarynda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk çärelere garaldy.